ASYRLARDAN DOWAMLY ZENAN EDEBI

Şeýle at bilen Mary şäheriniň merkezindäki ajaýyp «Bagt köşgi» dabaralar merkezinde zenan edebine, asyllylyga, gaýyn-gelin, gelneje-baldyz gatnaşyk-laryna, ýaş çatynjalaryň maşgala mukaddesligine bolan garaýşyny pugtalandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
    Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi, Mary şäher geňeşi tarapyndan guralan öwüt-ündew ähmiýetli çärä welaýat we şäher zenanlar geňeşleriniň işjeňleri, döwletli ojaklaryň söýesi mährem eneler, şeýle ojaklarda ýaşaýan gyz-gelinler, ýaş çatynjalar gatnaşdylar.
    Öwüt-ündew çäresini TAP-nyň Mary şäher komitetiniň başlygy Güljemal Nazarowa alyp bardy we çykyş etdi. Şeýle-de Mary şäherinden mährem eneler Gurbanbibi Hanowa, Altyn Mämmedowa, «Bagt köşgi» dabaralar merkeziniň direktory Aýgül Babaýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni Bahar Kakalyýewa, Sakarçäge etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy Gunça Amansähedowa çykyş etdiler. Çykyşlarda türkmen halkynyň maşgala ojaklarynyň namys tugy saýýan gyz-gelinlerine goýýan çäksiz hormaty, gaýyn-gelin gatnaşyklaryna mahsus ýörelgeler, asyrlardan dowamly zenan asyllylygy, gyz edebi, belent ahlaklylyk, täze maşgala, öý-ojak guran ýaş çatynjalaryň maşgala mukaddesligini goramaklyga bolan garaýyşlary hakynda durmuşy mysallara salgylanyp giňişleýin gürrüň edildi. Enelermizden dowamly asylly ýörelgelere eýermek we berjaý etmek, millilige uýmak ündeldi.
    Zenan edebi hakynda okalan şygyrlar çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. “Döwlet we maşgala” diýen temada guralan çykyşlar hem oňa gatnaşanlaryň ünsüni çekdi. Türkmen zenanlaryna aýdylan sözler zenanlaryň alkyşy bolup, ýüreklere ornady.
    Aýjan ABDYÝEWA.
“Maru-şahu jahan” gazetiniň uly habarçysy.
 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com