DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde etrap ýaşlar geňeşi tarapyndan «Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmek üstünligiň açarydyr» diýen at bilen etrabymyzyň bilim işgärleriniň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy E. Garryýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy D. Gylyçmyradow, etrap zenanlar geňeşiniň başlygy O. Amangeldiýewa, etrap ýaşlar geňeşiniň esasy hünärmeni G.Agamämmedowa, etrap hassahanasynyň lukmany G. Gutlyýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyzda ýaş nesillerimiziň sagdyn, berk bedenli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri barada aýdyp geçdiler. Bagtyýar zamanamyzda ýaşlaryň dürli nogsanlyklardan, ynsan ömrüne zyýan berýän arak, çilim, nas ýaly ýaramaz endiklerden daşda durup, ýurdumyzyň gülläp, ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýan, zamanamyza mynasyp, hemmetaraplaýyn kämil nesiller bolmagyny ündediler. 
Täsirli geçen duşuşykda halkyna şeýle eşretli, bagtyýar zamanany bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň başynyň dik, janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuwladylar.
Tawus AŞYROWA.
TÝMG-niň Serhetabat etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com