TOÝ TUTULÝAR ROWAÇLANÝAN WATANDA

Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu gün asyrlardan aşyp, bagtyýarlyk döwrümize gelip ýeten nusgalyk medeni mirasymyz, halk döredijiligimiz, milli sungatymyz dünýäde meşhurlyga eýe bolýar. Bu ajaýyp hakykat hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistan—rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda hem barha rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýurt boýunça yglan eden «Toý tutulsyn rowaçlanýan Watanda» atly döredijilik festiwalynyň welaýat boýunça gözden geçirilişi hem munuň şeýlediginiň ýene bir ýola aýdyň güwäsine öwrüldi. Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde ýokary derejede guran bu festiwalyna welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinden gelen halk döredijilik, folklor toparlary we aýdymçylar gatnaşdylar.
Balkanabat şäherindäki «Miras» toý dabaralary merkezinde şatlyk-şowhun bilen geçirilen döwrebap çäräniň açylyş dabarasynda buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamlaryny ösdürmek baradaky edilýän ummasyz işler, milli mirasymyza goýulýan sarpa, galkynýan halk döredijilik sungaty dogrusynda buýsanç bilen gürrüň etdiler. Festiwalyň dowamynda sungat ussatlary, halypa hünärmenler, medeniýet işgärleri milli mirasymyz, türkmen halk döredijiligi barada özara pikir alyşdylar, milli aýdym-saz sungatymyzyň aýratynlyklary dogrusynda söhbet etdiler.
Milli toý-baýramlarymyzyň aýratynlyklaryny hem-de onuň dürli görnüşlerini has anyk öwrenmegi, toý-baýramlaryň şowhunyny arşa göterýän halk döredijilik toparlaryny ýüze çykarmagy, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyzy il içinde wagyz-ündew etmegi, ýerine ýetirijileri kämilleşdirmegi maksat edinen bu festiwala gatnaşan welaýatymyzyň etrap-şäherleriniň halk döredijilik toparlary ýokary taýýarlykly gelendiklerini öz çykyşlary bilen subut etdiler.
Sungat festiwalynyň dowamynda Serdar şäheriniň «Perwaz», Serdar etrabynyň «Köpetdag», Türkmenbaşy etrabynyň «Joşgun», Esenguly etrabynyň «Küştdepdi», Hazar şäheriniň «Akjaýar», «Durmuş ýollary», Bereket etrabynyň «Bereket ýaýlasy», Etrek etrabynyň «Etrek nagmalary», Magtymguly etrabynyň «Sumbar», welaýat medeniýet müdirliginiň birleşen döredijilik toparlary hem-de Balkanabat şäherindäki nebitçileriň medeniýet köşgüniň aýdymçylary çykyş edip, ata-babalarymyzdan miras galan gadymy toý däp-dessurlaryny, degişme we aýdyşyk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Çäräniň geçýän ýerinde amaly-haşam sungatynyň, nusgalyk el işleriniň sergilerine-de uly orun berildi. Dabara gatnaşyjylar baý many-mazmunly sergilere uly höwes bilen syn etdiler.
Gyzykly we täsirli geçen sungat festiwalyna gatnaşan medeniýet we sungat işgärleri hem-de çärä tomaşa etmäge gelenler ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, halk döredijilik sungatyny dikeldip, olary täze öwüşginler bilen yzygiderli baýlaşdyrmaga döredýän taýsyz mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW.
«Balkan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com