IŞJEŇLIGIŇ DURMUŞDAKY NUSGASY

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynda hem ýurdumyzyň ösüşlerini berkitmek, rowaçlygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere zenanlaryň gatnaşygyny işjeňleşdirmek, şonuň ýaly-da, ösüp gelýän ýaş nesli arassa ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek babatda edilmeli işleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyp geçirilen maslahata welaýatyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, bilim işgärleri, işjeň zenanlar, wagyz-nesihatçylar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly bu maslahatda ilki bilen welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Akjemal Durdyýewa çykyş edip, jemgyýetimiziň ahlak we demokratik gymmatlyklaryna aýawly garalýan häzirki ajaýyp zamanamyzda mähriban zenanlarymyzyň ýurdumyzyň dürli pudaklarynda gazanylýan
üstünliklere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýandyklary, hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi ugrunda döredijilikli zähmet çekýändikleri, döwrümizi beýgeltmekdäki uly goşantlary barada aýtdy. Şonuň ýaly-da, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden wagyz edilýän ýurdumyzda ýaş nesli kämil hem arassa ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, milletiň genofonduna zyýanly täsirini ýetirýän nogsanlyklaryň öňüni almak maksadynda guralýan wagyznesihat çärelerinde olaryň paýhas mekdebine uly ornuň degişli bolup durýandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalarynyň netijesinde zenanlaryň ýaşaýyşdürmuşy hakdaky aladalaryň olaryň ykbalyna nur çaýýandygy, zenanlaryň bolsa öz orunlarynda oňa jogap edip, mundan beýläk hem tutanýerli zähmet çekmelidikleri barada nygtady. Mährem ene Arazbibi Isgenderowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jeren Gylyçmyradowa, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Bahargül Ýazyýewa, welaýat Polisiýa müdirliginiň jemgyýetçilik howpsuzlygy bölüminiň uly gözegçisi Güljan Ilamanowa, welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni Şirin Garabaýewa
dagy çykyşlary dowam etdirmek bilen, häzirki bagtyýarlyga beslenen ajaýyp döwrümiziň belent tutumlaryna zenanlaryň hem öz ornunda işjeň goşulyşmalydyklary, dürli mazmundaky wagyz-nesihat çärelerini guramaçylykly geçirmäge ýakyndan gatnaşmalydyklary barada gürrüň etdiler. Üstümizdäki ýyly şygaryna laýyk dabaralandyrmaga, arassa ahlaklylygy, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge degişli öňde durýan wezipeler, olaryň durmuşdaky ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler. Zenanlaryň abadan hem owadan durmuşyny berkarar etmek ugrunda irginsiz aladalar edýän Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň adyna çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar.
***
Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda TZB-niň welaýat bölüminiň geňeşiniň ýanyndaky wagyz-nesihat toparynyň guramagynda geçirilen çäre hem baý mazmunlylygy bilen tapawutlandy. «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly şygar astynda geçirilen wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda guralan çykyşlarda sagdyn jemgyýet ýörelgelerini mundan beýläk hem durmuşymyza giňden ornaşdyrmak, zenanlaryň milli ýörelgelerimize ygrarly bolmaklaryny, sagdyn durmuş kadalaryna eýermeklerini gazanmak, ýaş nesli kämil ruhda terbiýelemäge işjeňligi has-da artdyrmak barada aýdyldy. Şunda esasan-da, hormatly Prezidentimiziň hemişe tabşyryşy ýaly, birleşen tagallalaryň netijesinde geçirilýän wagyznesihat çäreleriniň ähmiýetiniň uludygy, ony mundan beýläk hem dowam etdirmegiň gymmaty bellenildi.
Yörite habarçymyz

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com