ZENAN MERTEBESI BELENTDE

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň Mary şäher geňeşi welaýat baş bilim müdirligi bilen bilelikde şäher häkimliginiň mejlisler zalynda zenan edebi hakynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi Bu maslahaty şäher häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň şäher geňeşiniň başlygy Bahar Torumowa alyp bardy. 01 ilki bilen hormatly Arkadagymyzyň zenanlar baradaky aladalary, sekiz we sekizden köp çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdiren enelere goýulýan hormat we döwletimiz tarapyndan edilýän ýeňillikler hakynda giňişleýin çykyş etdi. Zenan edebiniň maşgaladaky orny, enelerimizden miras galan milli däp-dessurlarymyzyň şu günki günde maşgala mukaddesligini saklamakda ýaş nesillerimize görüm-görelde bolup durýandygyny belledi.
Şeýle hem Mary şäheriniň ýaşaýjysy mährem ene Amanjemal Berdiýewa gelinleriň ýaşmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, zenan mertebesiniň belentdigini rowaýatlaryň üsti bilen ýaşlarymyza giňişleýin düşündirdi.
Soňra welaýat baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary, welaýat zenanlar geňeşiniň agzasy Jemile Altyýewanyň maşgalada edep-terbiýe hakyndaky täsirli çykyşy maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Türkmen gyzlaryna, zenanlaryna maşgalada, köpçülik ýerlerde gaty gürlemegiň, gülmegiň, başy örtüksiz gezmegiň, dikanlap seretmek ýaly häsiýetleriň laýyk gelmeýändigi hakyndaky enelerimiziň aýtgylary bilen bagly gürrüňler wagyz-nesihat çäresiniň üstüni ýetirdi.
Mary şäherindäki 25-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulgerek Şeripowa ene hüwdüsiniň ähmiýeti hakynda gyzykly gürrüň etdi. Ol ene hüwdüsinde çaga terbiýesiniň başlanýandygyny belläp, çykyşyny ene ýüreginden çykýan ýakymly hüwdüsi bilen jemledi.
Giiljemal NAZAROWA.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary şäher komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary şäher bölüminiň başlygynyň

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com