Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň edarasyna gelip, bu ýerde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň, şeýle hem medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirmegi biziň başymyzy göge ýetiren be

Soňky ýyllarda ajap eýýamymyzyň kämil kanunçylygyny raýatlara düşündirmeklige uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilýän şeýle çäreler raýatlaryň hukuk sowatlylyklaryny ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.
Golaýda Mary şäher häkimliginiň uly ýygnaklar zalynda geçirilen maslahat
hem ýokardaky meselä bagyşlandy. Oňa welaýat we Mary şäher kazyýetleriniň işgärleri, welaýat merkeziniň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar, Maslahaty Mary şäher häkiminiň orunbasary, Mary şäher zenanlar geňeşiniň başlygy Bahar Torumowa açyp, ýygnananlary maslahatda garaljak mesele bilen tanyşdyrdy. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda Türkmenistanyň «Administratiw önümçiligi hakynda» Kanunyny durmuşa ornaşdyrmagy has-da kämilleşdirmegiň we administratiw iş ýörediş kadalaryny berjaý etmek bilen bagly meseleler barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu maslahat welaýat kazyýeti tarapyndan guralyp, onda ady agzalan Kanundan gelip çykýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gürrüňi edilýän maslahatda welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary Gurbandurdy Annaýew, Mary şäher kazyýetiniň kazysy Ogulgözel Akgaýewa, Mary şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy Kakajan Öwlüýägulyýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ady agzalan Kanun bilen bagly ýüze çykýan meseleler we olaryň çözgütleri barada ýygnananlara giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahatyň ahyrynda sowal jogap alşyldy.
A. BAÝRAMOW.
“Maru-şahu jahan” gazetiniň bölüm müdiri.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com