DURMUŞ ABADANÇYLYGYNYŇ HATYRASYNA

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda yglan edilen biraýlygyň çäklerinde, golaýda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Altynýol geňeşligindäki oba medeniýet öýünde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. TZB-niň welaýat bölüminiň, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, welaýat onkologiýa hassahanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata şäher, etrap zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, mährem eneler gatnaşdylar. Ýurdumyzda zenanlaryň, hususan-da, eneleriň sagdyn durmuşyny üpjün etmek, beden agzalarynda dürli hili howply täze döremeleriň döremeginiň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksadyna gönükdirilen maslahat ýokary guramaçylyk derejesine hem-de işjeň häsiýete eýe boldy.
Maslahatyň dowamynda Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölüm ýolbaşçysy Annadurdy Ýagşymyradow, merkeziň onko-ginekologiýa bölüminiň müdiri Gyzylgül Bedirowa, welaýat onkologiýa hassahanasynyň hirurgiýa bölüminiň müdiri Gurban Saparow dagy çykyş edip, maslahatyň gün tertibini düzýän meseleler boýunça giňişleýin çykyş etdiler.
Çykyşlarda sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinen halkymyzyň abadan hem asuda ýaşamagy, sagdyn hem ruhubelent nesilleriň kemala gelmegi, eneligi we çagalygy goramak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan derwaýys wezipeler dogusynda gürrüňler edildi. Hususan-da, zenanlaryň arasynda duş gelýän howply täze döremeleriň garşysyna göreşmek, olaryň döremeginiň öňüni almak boýunça dünýäniň gazanan tejribelerine salgylanyp lukmançylyk hyzmatlary, öňüni alyş çäreleri yzygiderli guralýar. Degişli hassahanalarda oturdylan ýokary derejeli anyklaýyş, barlag enjamlary arkaly keselleri anyklamak, degişli bejergi işlerini geçirmek häzirki wagtda doly ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky alyp barýan tutumlary bu günki gün ýokary netijelerini berýär hem-de ynsan ömrüne howp salýan dürli keselleriň öňüni almaga uly mümkinçilikleri döredýär. Şular dogrusynda çykyşlarda nygtalyp geçildi. Şeýle hem, howply täze döremeleriň öňüni alyş we anyklaýyş, bejeriş çäreleri, adamyň papilloma wirusyna garşy öňüni alyş sanjymynyň ähmiýeti dogrusynda anyk mysallara salgylanylyp täsirli gürrüňler edildi. Şunda ilkinji nobatda, zenanlaryň sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmekleri, wagtly-wagtynda degişli lukmançylyk barlagyndan geçip, öz saglyklaryndan habarly bolup durmaklary nygtaldy. Bu babatda zenanlar guramasynyň degişli wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli guramaklarynyň ýokary netijelerini berýändigi aýdyldy.
Soňra mährem ene Eneş Atabaýewa, welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Bahargül Ýazyýewa dagy çykyş edip, ýurdumyzda ýylyň-ýylyna yglan edilýän bir aýlyk çäreleriniň uly ähmiýetini bellediler hemde maslahatyň dowamynda aýdylanlary zenanlaryň arasynda wagyz-nesihat etmäge işjeň goşulyşjakdyklaryny beýan etdiler.
Gün tertibinde seredilen meseleler
boýunça sowal-jogap alyşmalar guraldy, degişli maslahatlar berildi.
Yörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com