ZENAN MERTEBESI BELENTDIR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda agzybir türkmen halkymyzyň erkana durmuşda ýaşamagy ugrunda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler kalplary egsilmez buýsanja besleýär. Hutşu mynasybetli geçirilýän täsirli ýygnaklardyr maslahatlar bolsa, özüniň ýokary many-mazmuna baýlygy bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigini, Tejen şäheriniň döwrebap Medeniýet öýünde geçirilen maslahatda hem aýdyň görmek boldy. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň 14-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynda eden çykyşynyň ähmiýetini wagyz-ündew etmäge, kämil ýaşlary kemala getirmekde zenanlaryň orny we zenan mertebesine bagyşlanyp geçen bu maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölümi, Tejen etrap, şäher häkimlikleri, etrap, şäher Zenanlar guramalary bilelikde guradylar. Oňa Tejen etrap, şäher medeniýet, bilim, saglyk ulgamlarynda we edarakärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler gatnaşdy.
Wagyz-nesihat häsiýetli maslahatyň başynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowa çykyş edip, ol: «Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan tutumly işleriň her biri il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilýär. Ajaýyp zamanamyzda zenanlarymyza uly hormat goýulýar, mertebesi belent tutulýar. Asylly ýörelgelerimize esaslanyp, zenan edebini, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, milli mirasymyza öwrülen ene-mamalarymyzdan gelýän gadymy hünärleri ösdürmek we ýaş nesillere ýetirmek bolsa, elbetde, çeper elli mähriban zenanlarymyzyň paýyna düşýär. Kemala gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji bolup ýetişmeginde, mährem enelerimiziň berýän öwütleri çagalaryň geljegine şamçyrag bolup şuglasyny salýar. Munuň özi bolsa, bagtyýar döwrümizde mähriban gelingyzlarymyza, enelerimize bolan buýsanjyň çäksizdigini aýdyň görkezýär» diýip, nygtady.
Mundan başga-da maslahatyň dowamynda zenan mertebesinden we maşgala terbiýesinden söhbet açýan çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Şol çykyşlarda türkmen gelin-gyzlarynyň asylly häsiýetlerinden salykatlylygynyň, mylaýymlylygynyň, edep-ekramlylygynyň, nepislige ýugrulan el hünärleri bolan haly dokamakda, el işlerini ýerine ýetirmekde görkezýän ezberliginiň, şeýle hem şular bilen bagly bolan milli gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmekde görkezýän göreldesiniň aýratynlyklarynyň waspy özüniň aýdyň beýanyny tapdy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň agzybir halkymyzyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda halal zähmet çekip, bagtyýar ýaşamaklary üçin döredip berýän mümkinçiliklerine özleriniň çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler we tüýs ýürekden alkyşly sözlerini beýan etdiler.
Şasoltan ABDYLLAÝEWA, öz habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com