ÝYLYŇ ZENANY

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylymyzda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigi täze many-mazmuna eýe bolýar. Munuň şeýledigine Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen bu bäsleşigiň welaýat tapgyry aýdyňlygy bilen aýan etdi.

Bäsleşigiň nobatdaky tapgyry Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda geçen bäsleşige welaýatymyzyň Tejen şäherinde we etraplarynda bolan ýerli tapgyrlarynda üstün çykan öňdebaryjy zenanlar gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzyň döwleti dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, jemgyýetçilik işlerinde we beýleki ugurlarda zenanlarymyz yhlasly zähmetleri bilen mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk we halklaryň dost-doganlygy ugrunda amala aşyrylýan beýik işlerimize özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şonuň üçin hem bu gün Garaşsyz döwletimizde olaryň sylag-sarpasy, abraý-mertebesi belentdir» diýen sözlerinden ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyzyň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň başarnygyny, ukybyny açyp görkezmek bu bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar. Şeýle bolansoň, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän we ata Watanymyzyň pajarlap ösmegine goşant goşýan zenanlar bu bäsleşige oňat taýýarlyklar bilen geldiler. Bu hakykat olaryň degişli ugurlar boýunça ýerine ýetiren çykyşlarynda turuwbaşdan anyk duýuldy.

Bäsleşige gatnaşyjy zenanlar täze taryhy döwrümizde alyp barýan ýokary guramaçylyk ukybyny, el hünärini dikeltmekde we kämilleşdirmekde goşýan goşandyny, gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy we milli medeni mirasymyzy ýaýmakda alyp barýan asylly işlerini, çaga terbiýelemekdäki yhlasyny, harby we hukuk ulgamyndaky işjeňligini, obany ösdürmekde bitirýän hyzmatlaryny, şeýle-de bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşýan goşandyny öz çykyşlarynyň üsti bilen açyp görkezdiler. Bäsleşigiň emin agzalary onuň dowamynda bäsdeş zenanlaryň çykyşlaryna ählitaraplaýyn mynasyp baha berdiler hem-de ýeňijileri kesgitlediler. Şeýlelikde, «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň watançy zenany», «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ugurlar boýunça ýeňiji bolan zenanlar «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Dilraba HOJAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com