ROWAÇLYKLARYŇ NUSGALYK ÝOLY

Paýtagtymyzyň nusgalyk keşbini synlap barşyňa, Halkara howa menziline ýeteniňem duýman galýarsyň. Şol pursat säheriň serginligi siňen bagy-bossanlyk hasam göwnüňi göterýär. Arassa asmana sary ganat ýaýan «Boingiň» aýnasyndan Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilen gözel Aşgabat mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolup görünýär. Paýtagtymyzyň täsin binagärlik gurluşy mukam bolup kalplara ýol salýar, owadan nagyş kimin ýüreklere ornaýar, öň hiç bir ýerde duş gelmedik nepis şaý-sepler ýaly gözüňi gamaşdyrýar. Şol lezzetli pursatlar seni topbak- topbak ak bulutlaryň goýnuna atarýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň guramagynda, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň, ýaşlaryň arasynda «Rowaçly ösüşlerden ruhlanýan zenanlar» diýen at bilen wagyz-nesihat çäresiniň geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýetilen ösüşli-özgerişli menzillerden gözbaş aldy. Bu wagyz-ündew çäreleriniň hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşan günlerine gabat gelmegi duşuşyklaryň ruhubelentlikde dowam etmegine özboluşly täsir etdi.

Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylary bilen geçirilen duşuşykda çykyş edenler welaýatyň ösüşlerine Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda il agzybirligi, halkymyzyň zähmetsöýerligi bilen ýetilýändigi barada buýsançly gürrüňlere giň orun berildi. Ýurdumyzda maşgala binýadynyň berkligi, her bir maşgalanyň ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagy, zähmetkeşlere howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilmegi babatda durmuşa geçirilýän işler barada pikir alyşmalar diýseň täsirli boldy.

Duşuşyk Gahryman Arkadagymyzyň enä, gyz-gelinlere hormat goýmagyň nusgalyk ýoluny goýandygy barada buýsançly söhbetler bilen dowam etdi. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseriniň enäni sarpalamaga, gyz-gelinleri hormatlamaga ýol görkeziji taglymat bolup ýüreklere ornandygy barada söhbetler gyz-gelinleriň başyny göge ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseriniň maşgala mukaddesligi, zenan mertebesi, perzent terbiýesi, milli döwletlilik barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berýändigi esasy üns merkezinde boldy.

Eneleriň eli hünärli, milli tagamlardan baş çykarýan, edep-terbiýeli gyzlary ösdürip ýetişdirmekdäki orny barada öňe sürlen pikirler örän täsirli boldy. Durmuş tejribeli eneleriň ýaş eneleriň milli mirasymyzy, baý medeniýetimizi nesillere ýetirmekdäki öňünde durýan borçlary barada pikir alyşmalary many-mazmuna baýlygy bilen tapawutlandy. El hünäriniň gyzlaryň edep-terbiýeli bolmagyna ýetirýän täsiri esasy üns merkezinde boldy.

«Türkmennebit» Döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary, Balkanabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde şäheriň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlary bilen geçirilen wagyz-ündew duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy, hünär öwrenmegi, döwrebap tehnologiýalardan doly baş çykarmagy babatda durmuşa geçirýän maksatnamalaýyn, işleri esasy üns merkezinde boldy.

Balkanabat şäherinde bolanymyzda, 21-nji orta mekdebiň zähmet mugallymy Amanbibi Gulnazarowanyň okadýan okuwçy gyzlarynyň edep-terbiýe babatda-da, el hünärinden baş çykarmakda-da tapawutlanýandygyny aýtdylar. Mugallym biz bilen söhbetdeş bolanynda, okuwçy gyzlara döwrebap bilim bermek bilen bir hatarda olary durmuşa taýýarlamaga-da aýratyn üns berilýändigi barada aýratyn durup geçdi. Amanbibi mugallym: — Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap mekdepleriň yzygider gurlup ulanylmaga berilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bilimli nesil ýurduň geljegi hasaplanýar. Mekdepleriň kompýuter, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, okatmagyň işjeň usulynyň ornaşdyrylmagy bilim işgärlerini yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň sanly bilim ulgamyna geçmek barada başlangyçlary başymyzy göge ýetirdi. Zähmet sapagynda gyzlara el hünäriniň öwredilmegi, olara milli tagamlarymyzyň taýýarlanyşynyň ýollarynyň görkezilmegi gyzlaryň edepli-tertipli bolmagyna hem belli bir derejede täsirini ýetirýär. Milli lybaslarymyzyň biçilişi, olara dürli nagyşlaryň salynyşy ýaş gyzlarda uly gyzyklanma döredýär. Zähmet sapagynyň dowamynda okuwçylar öz ejelerinden öwrenen el hünärlerini kämilleşdirýärler, her bir maşgalada gündelik bişirilýän dürli tagamlaryň, konditer onümleriniň taýýarlanyşyny öwrenýärler, öňki bilýänleriniň üstüni ýetirýärler. Bularyň ählisi gyzlarda zähmet terbiýesini kemala getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän bilim özgertmelerine goşant goşýandygymyza buýsanýarys. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagyna, olaryň milli ruhda terbiýelenmegine giň mümkinçilikleri açýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, ähli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin — diýip, şatlygyny paýlaşdy.

Şol pursatda Amanbibi mugallymyň ýaş gyzlaryň milli lybaslarymyzy biçip-tikip bilmegi, milli nagyşlarymyzy hala çitmegi başarmagy üçin siňdirýän yhlasynyň juda uludygyny duýmak kyn däldi. Yhlasly zähmetiň ýerine düşmegi bilim işgärleriniň ruhubelent zähmet çekmegine itergi berýär.

* * *

Welaýatyň Bagt köşgünde ýaş çatynjalar, ýaşlar bilen geçirilen duşuşykda maşgala gymmatlygyna, päk ahlaklylyga, gaýyn-gelin gatnaşyklary baradaky söhbete giň orun berildi. Duşuşykda çykyş eden eneler gyzlaryň, gelinleriň maşgalada eýeleýän orny barada durmuş mysallaryna ýüzlenip gürrüň etdiler. Paýtagtymyz bilen deň derejede ähli welaýatlarymyzda Bagt köşkleriniň gurlup ulanylmaga berilmeginiň hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän üns-aladasynyň netijeleridigi barada aýratyn bellediler. Duşuşykda Gumdag şäheriniň ýaşaýjysy, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Dursun Begçerowa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda enelere, gyz-gelinlere goýulýan sarpanyň uludygyny aýratyn belledi:

— Mähriban Arkadagymyz maşgalanyň berkligini döwlet syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýar. Bu babatda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Hatda täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi-de maşgala agzalarynyň bagtyýarlygyny artdyrýar. Bagt köşklerinde nikalaşýan ýaşlaryň arasynda maşgala mukaddesligi, ojaga wepalylyk, ene-ata hormat goýmak, milli gymmatlyklarymyzy kämilleşdirmek barada öwüt-ündew işleriniň geçirilmegi oňyn netijesini berýär. Bu işe öz goşandymyzy goşjakdygymyza hormatly Prezidentimizi ynandyrasym gelýär. Çünki Watan maşgaladan başlanýar. Maşgala agzybir, abadan, jebis bolanda Watan gül-gülzarlyga beslenýär.

Enelerimiz bize baý milli mirasy serpaý edipdirler. Halylara salynýan nagyşlar, milli lybaslarymyz biziň ylham joşgunymyzdyr. Biz olary öz nesillerimize miras galdyrmalydyrys. Şonda dowamat dowamdyr — diýip, Dursun ene öz pikirini biz bilen paýlaşdy. Soňra ol buýsanç bilen:

— Enelere, gyz-gelinlere sarpasy belent Gahryman Arkadagymyz bize «Arşyň nepisligi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserlerini sowgat etdi. Bizi şeýle hormatlaýan Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerine mynasyp goşandymyzy goşup, nesillerimiziň edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys — diýdi.

Eneler durmuşyň manysy. Olar sözlände dünýä nurlanýar, olar öwüt-ündew edende durmuş özgerýär. Mährem ene bilen söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserindäki: «Enelere mahsus ähli zatda tükeniksiz uly mähir bar. Eneler öz mähri bilen öý-ojagyň abadanlygyny, il-ulsuň abatlygyny üpjün edýärler. Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir» diýen jümleleri ýadyňa düşýär. Şonda bu gymmatly eseriň ene mukaddesligini juda belende galdyrýandygy ýene bir gezek ör- boýuna galýar.

* * *

Hawa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň guramagynda, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde geçirilen wagyz-nesihat çäreleri örän täsirli boldy. Duşuşyklarda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem daşary syýasatyna hoşallyklar, her günde gazanylýan üstünliklere alkyşlar belentden ýaňlandy.

Amangül NURMYRADOWA,

ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com