GÖZELLIGIŇ BAÝRAMY

Toýy toýa, baýramy baýrama ulaşýan ýurdumyz ýene bir ajaýyp senäniň — Halkara zenanlar gününiň bosagasynda. Mährem zenanlarymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz wideoaragatnaşyk arkaly 25-nji fewralda geçiren iş maslahatynda degişli ýolbaşçylara Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleri guramaçylykly geçirmekligi, däp bolşy ýaly, olara pul sowgatlaryny gowşurmaklygy tabşyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza uly hormat goýlup, olara durmuşymyzyň bezegi, maşgala ojagynyň zynaty hökmünde garalýar. Hormatly Prezidentimiz: «Zeminiň göwher gaşyna deňelýän zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatyna döwletimiz aýratyn sarpa goýýar » diýip nygtaýar. Hawa, ajaýyp zamanamyzda zenanlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň ähli raýatlary bilen bir hatarda zenanlarymyz hem ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, onuň abraý-mertebesiniň mundan beýläkde belende göterilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu gün olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda öz saýlap

alan kärlerine yhlas siňdirip, tutanýerli zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Zenanlarymyz maşgala ojaklarynyň abadan bolmagyny üpjün edip, körpe nesillerimizi terbiýelemekde hem uly işleri bitirýärler. Bagtyýarlyk döwrümizde zenanlarymyz durmuş taýdan ygtybarly goralýar, olar üçin ýeňillikler döredilýär. Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň birnäçesine döwrebap öýleriň açarlary gowşurylyp, «Ene mähri » ordeni bilen sylaglanylýar. Diýarymyzda her ýyl dabarasy uludan tutulýan Halkara zenanlar güni mynasybetli bolsa ýurdumyzyň ähli aýal-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Bu baýram — gözelligiň baýramy. Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren eşretli zamanasynda olaryň ýüzi hemişe baharda açylan elwan gülleri ýatladyp, gülüp dursun!

Aman GARAGYROW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gumdag şäher birleşmesiniň başlygy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com