GÜLLERE GÖRK BEREN ZENANLAR

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirilip,ol ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpanyň, abraý-mertebäniň belentdigini bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Bäsleşigiň bu tapgyryna etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan işewür zenanlaryň uly topary gatnaşdy. Olar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, birnäçe ugur boýunça bäsleşdiler. Zenanlaryň hünär başarnyklaryny, döredijilik ukyplaryny açyp görkezmek, olaryň önümçilige we ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmagyna ýardam bermek, gelin-gyzlaryň zähmet hem-de durmuş işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde oňa gatnaşan zenanlar jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary boýunça üstünlikli çykyş etdiler.

Mary şäherindäki «Diýar» toý mekanynyň dürli öwüşginler bilen milli äheňde bezelen ajaýyp sahnasynda çykyş eden zenanlar türkmen halkynyň gaýtalanmajak medeni mirasyny döwrebap kämilleşdirmekde, milli däp-dessurlarymyzy ýaş nesillere ýetirmekde, çaga terbiýelemekde, oba hojalygyny ýokary götermekde alyp barýan asylly işleri barada gürrüň berdiler. Bäsleşigiň dowamynda halkymyzyň ykdysady, medeni-durmuş we ruhy ösüşlerine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýan işewür zenanlaryň ýaşaýyş-durmuşyna we kesp-kärine bagyşlanyp taýýarlanylan wideoşekilli görnüşleriň hödürlenmegi bu ýere gelenlerde aýratyn täsir galdyrdy. Çekeleşikli geçen bäsleşikde bagtyýar zenanlar düzgünnama laýyklykda, degişli ugurlar boýunça çykyş edip, mynasyp orunlary eýelediler. Bäsleşigiň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy guramalarynyň hemde medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşmagynyň yzysüre geçirilmegi oňa gatnaşýan bagtyýar zenanlaryň belent başlaryny göge ýetirip, olary joşgunly çykyş etmäge galkyndyrdy.

Ýeňijilere Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Welmuhammet GALANDAROW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com