NÄZIK KALPLARYŇ JOŞGUNY

Golaýda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Medeniýet ministrligi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda «Zenan kalbynyň joşguny» atly zenan suratkeşleriň döreden şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi boldy. Serginiň açylyş dabarasyna ýokary okuw mekdepleriniň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary, şekillendiriş sungatynyň ussat wekilleri gatnaşdylar.

Ýaýbaňlandyrylan serginiň açylyş dabarasynda zenanlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginde sungat eserleri bilen has tapawutlanan suratkeşler bäsleşigi guraýjylar tarapyndan ýörite sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar. Serginiň ekspozisiýasynda zenan suratkeşleriň 80-siniň jemi 250-ä golaý işleri görkezildi.

Ýekelikde we toparlaýyn keşpdäki nakgaşlyk portret eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň mähremligi, asylly häsiýetleri, zenan kalbynyň gözellikleri şöhlelendirilýär. Dürli ýagly reňkde, akwarelde, galamda, linograwýurada ýerine ýetirilen eserler sungatyò köptaraplaýyn kämil derejesiniň beýanyny açyp görkezýär. Suratkeş Gülnäz Rozkulowanyň «Natýurmort», Maýa Atahanowanyň «Türkmen zenanlary», heýkeltaraş Aýjahan Karaşowanyň «Tikinçi gözel» ýaly işleri baý many-mazmuny bilen tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Suratkeş Maýa Atahanowanyň «Şemalyň owazy», «Ýaz», «Näziklik» atly nakgaşlyk eserlerinde behişdi ahalteke bedewleriniň owadanlygynyň, ýyndamlygynyň waspy sergä özboluşly öwüşgin çaýdy.

Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan zehinli ýaş suratkeşleriň, küýzegärleriň we heýkeltaraş talyplaryň döreden işleri tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Zehinli talyplar Şasenem Kurbanowanyň «Çagalar», Merjen Çaryýewanyň «Bereketli toprak», Güljahan Kokanowanyň «Ganatly arzuwlar», Enejan Garaýewanyň «Gülälekler», Merjen Hanowanyň «Bahar nagmalary», Gülşat Baýryýewanyň «Narlar», Käkilik Hezretgulyýewanyň «Ýaz geldi» ýaly eserleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mahlasy, bagtyýar türkmen zenanlarynyň döreden sungat eserlerinde eziz Watanymyzyň rowaçlyklary, tebigat dünýäsiniň gözellikleri we Diýarymyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerimiz öz çeper beýanyny tapýar.

Guwanç MÄMIÝEW,

«Türkmenistan» gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com