BAÝRAM GELDI BAHAR GÜLLERI BILEN

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Baýramaly şäher bölüminiň we TKA-nyň şäher birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda şäheriň «Bagtyýar türkmen» toý mekanynda Halkara zenanlar güni mynasybetli çäre geçirildi. «Rowaç alýan gül eýýamda, bagtyýardyr zenanlar» atly dabaraly çärä şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar, kümüş saçly eneler, sekiz we ondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren «Ene mähri» hormatly ada eýe bolan mähriban eneler gatnaşdylar, Bu çäräniň dowamynda şäher medeniýet öýüniň aýdymçy-sazandalarynyň çykyşlary, degişme sahnalary ýygnananlarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdylyp, baýramçylyk sowgatlary we gülleri gowşuryldy.

Jennet AGAÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy.

Pasyllaryň soltany bahar paslynyň gelmegi bilen bereketli türkmen topragy lälezarlyga öwrüldi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda 8-nji Mart — Halkara zenanlar baýramy ata Watanymyzda toý-baýrama beslenip geçirilýär. Zenanlarymyzyň bu bahar baýramyny däbe öwren döwlet Baştutanymyz çagalardan başlap, enelerimizdir gelin-gyzlarymyzyň baýramçylyk sowgadyny hem ýetirip durýar. Şeýle hem köp çagaly enelerimiziň köpüsini dürli ordendir medallar, nyşanlar bilen sylaglaýar, hormatly atlary dakýar.

Ýakynda biz mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň baýramyna bagyşlap, çagalar bagymyzda «Enelere mähir — Watana söýgi» diýen at bilen aýdym-sazly çäre geçirdik.

Oguljemal RAHMANOWA,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com