AÝDYM-SAZLY DABARA

Sarahs etrap Medeniýet öýünde etrap häkimliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda «Ahlak arassalygy — nesil terbiýesi» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler, mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlary gatnaşdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan uly ösüşlerde, türkmen jemgyýetiniň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde alnyp barylýan köp ugurly işlerde zenanlarymyzyň tutýan orny, maşgala ojagynda halkymyzyň milli ýörelgeleriniň dowam etdirilmeginde, ýaş nesillerimizde watansöýüjiligi, ahlak arassalygy, zähmetsöýer-
ligi kemala getirmekde maşgala ojagynyň söýegi hasaplanýan enelerimiziň görüm-göreldesi hakdaky gürrüň çykyşlaryň özeni boldy. Bellenilişi ýaly, ajaýyp döwrümiziň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň röwşen geljegine badalga bolan «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň her güni zähmet üstünliklerine beslenýär. Ähli ulgamlarda zenanlarymyzyň çekýän yhlasly zähmeti gazanylýan üstünliklerde mynasyp orun tutýar. Zenanlar diňe bir netijeli zähmet çekmek bilen çäklenmän, çagalaryň döwrebap terbiýelenmegi, maşgalada gelin-gyzlaryň ene-mamalarymyzyň görüm-göreldesine eýerip, hojalyk işleri bilen meşgul bolmaklarynda hem nusgalyk göreldedir.
Etrap polisiýa bölüminiň wekili, polisiýanyň maýory Ş.Tekäýewa, etrapdaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy G.Bazarowa, 12-nji çagalar bagynyň usulçysy N.Jümmikowa, Garaman obasynyň ýaşaýjysy, pensioner N.Çaryýewa dagynyň çykyşlary has-da ünsi çekiji boldy. Olar ýaş nesilleriň arasynda watansöýüjiligi, halallygy, dogruçyllygy, ýokary ahlak düşünjeliligi, maşgala ojagyna wepadarlygy ýaly düşünjeleri kemala getirmekde wagyz-nesihat çäreleriniň, maslahatlaryň giňden alnyp barylmagynyň ähmiýetiniň uludygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Dabara etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.
Maral JUMADURDYÝEWA, TDP-niň Sarahs etrap komitetiniň hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com