MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

7-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmezden öň, ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryny bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hemde dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň, gurluşyk, energetika toplumlarynda senagat we kommunikasiýa toplumlarynda söwda we telekeçilik toplumynda, medeniýet ulgamynda, obasenagat toplumynda, Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabatlaryny diňledi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň iki aýynyň dowamynda pudaklar boýunça görkezijileriň, umuman, kanagatlanarly bolandygyny belläp, amala aşyrylmaly möhüm meselelere ünsi çekdi.
Döwlet edaralaryny, oba hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmegiň depginini ýokarlandyrmagy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezip, dürli ulgamlarda amala aşyrylýan hyzmatlary elektron ulgama geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynda daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dürli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürmäge niýetlenen häzirki zaman kärhanalary gurmagy hem-de elektrik energetikasynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini belläp, wise-premýere bu ulgamyň edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeleriň çalt
çözülmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçilerini goldamagyň maksatnamasyny taýýarlamak boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde iş alyp barmak barada degişli wisepremýere berk tabşyryk berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň bu ulgamy ösdürmek, ýurdumyza jahankeşdeleriň has köp sanlysyny çekmek boýunça geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmelidigine hem-de medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyny innowasiýa taýdan ösdürmegiň, olaryň işine sanly tehnologiýalaryň we öňdebaryjy ylmy gazanylanlaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet edaralaryna we kärhanalaryna hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýer böleklerini bermek hakynda resminama gol çekip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz 21-nji martda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça her ýylda geçirilýän ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Bitarap ýurdumyzyň BMG-ä agza ýurtlar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmelidigini nygtap, daşary işler ministrine özara gatnaşyklaryň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň çäklerinde orta we ýokary okuw mekdeplerimizi internet ulgamyna birikdirmegi çaltlandyrmagy, şeýle hem ilat arasynda, aýratyn-da, oba ýerlerinde sanly ulgama geçmek syýasatyny giňden düşündirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, aýratyn-da, welaýatlara jogapkär edilip bellenilen orunbasarlara ýüzlenip, olaryň häkimler bilen bilelikde bu meseleleriň çözülişini hemişe berk gözegçilikde saklamaklarynyň wajypdygyny nygtady we mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
«Watan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com