ÇAGA JÄGILDISI-BAGTYÑ BUŞLUGY

Enelik-zenan üçin uly bagt, öwezini dolup bolmajakgudrat. Çünki ene misli miweli daragt mysaly. Ene-ýaşaýyş dowamaty. Şeýle oý-pikirler bilen halkyñ saglygynyñ goragyndaky Altyn sähra etrap hassahanasynyñ gapysyndan ätledik. Maksadymyz hassahananyñ çaga dogrulýan bölüminde alnyp barylýän iş-aladalar hakda söhbet açmakdy. Bizi baş lukman Sylapberdi Kamarow mähirli garşy alyp, içi-daşy güi pürkülen ýaly päkize hassahanada halkyñ saglygyny dikeltmekde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.
Ömrüniñ we zähmet ýolunyñ 30 ýyla golaýyny il saglygynyñ goragyna bagyşlan bu lukmanyñ aýtmagyna görä hassahanada iç keselleri, hirurgiýa çagalar bölümleri, çaga dogrulýan we reanimasiýa bölümleri bolup, hassahana döwrüñ iñ kämil medisina enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Uzi, rentgen, endoskopiýa, kalposkopiýa ýaly keseli anyklaýjy daşary ýurt medisina enjamlary lukmanlaryñ il bähbitli işlerini ýeñilleşdirýär.
Hassahananyñ ikinji gatynda ýerleşýän çaga dogrulýan bölümine golaýlaşanyñdan dünýäniñ çetinden ýañy giren akja bäbejikleriñ özboluşly jägildisi dünýäñe dolup, bu ýerde zenanlara enelik bagtynyñ peşgeş bolýandygyna buýsanç oýarýar. 2010-njy ýylda hassahana açylaly bäri şu bölüme ýolbaşçylyk edýän ýüz-gözi mähir-mylakatly lukman zenan Leýla Jommyýewa bizi gyzyklandyrýan sowallara göwünjeñ jogap berdi.
Bölüm 15 orunlyk bolup, dogumdan öñdäki otag, dogum otagy, dogumdan soñky otaglar päkizeligi bilen ünsüñi özüne çekýär. Üstümizdäki ýylda näçe çaganyñ doglandygy, maşgalalaryñ näçesine şatlyk paýlanandygy bilen gyzyklandyk. Ýylyñ geçen 8 aýynda bölümde posalajyk bäbejikleriñ 174-si doglup, şolaryñ 59-synyñ etrabyñ raýatlarydygy guwandyrýar. Enelige taýýarlanýanlaryñ perzentlerini sag-aman dünýä indermegi hakynda aladalanýan göbegenelerden Göwher Çöliýewa, Laçyn Baýlyýewa dagy 10 ýyl zähmet tejribesiniñ dowamynda gör näçe alkyşlara eýe boldular-ka?! Olar zenanlara enelik bagtyny eçilýärler. Dünýä inen bäbejikleriñ saglyk ýagdaýynyñ kada laýyk bolmagy üçin aladalanýan uly şepagat uýasy Ýazjemal Akyýewa, Ajap Çaryýewa dagy hem ýerine ýetirýän işlerinden hoşal. Çünki adama ömür bermek, onuñ iñ gymmatly zady-saglygyny goramak nähili jogapkärli, şonuñ bilen birlikde hormatly kär.
-Megerem dünýäde iñ owadan hem bagtyýar zenan-göwreli zenanlardyr. Çünki olar perzentlerine ýaşaýşy peşgeş berip, nesil dowamatyny döredýärler. Bölümimiziñ lukmanlary şepagat uýalary göwreli zenanlar bilen şeýle ýagdaýdaky zenanlarda köp duş gelýän ganazlyk, gan basyşynyñ peselmegi ýa-da ýokarlanmagy, dogry iýmitlenmek, kadaly dynç almak boýunça gürrüñdeşlikler geçirýärler.
Hamyla zenanlaryñ ýagdaýy elmydama gözegçilikde saklanyp, olaryñ özüni duýşy, göwredäki çaganyñ kadaly ösüşi yzygiderli barlanyp durulýar. Bu işlerde hassahanamyzyñ maşgala lukmanlary, şepagat uýalary, akuşer-ginekolog lukmanlarymyz netijeli işleýärler. Şeýle-de dogumdan soñ hem ýaş enelere çaga üçin ene süýdüniñ ähli zatdan ähmiýetlidigini düşündirýäris. Ene süýdüniñ dürli kesellere garşy ýokumly maddalara baýdygyny aýdyp, çaga üçin ene süýdüniñ edil howa ýaly zerurdygyna ünsi çekýäris.
Bölümimizde geçen aýda ekizje bäbejikleriñ dünýä inmegi şol maşgala bilen birlikde bizi hem begendirdi. Çünki Hydyr gören bäbejikler özleri bilen birlikde öý-ojagyna şatlyk, bagt, toýluk getirýär. Ekizjeleriñ ýagdaýy, ösüşi bilen şu günlerem gyzyklanýarys.
Biz lukmançylyk işimizde medisinanyñ atasy saýylýan Lukman Hekimiñ hoşamaýsözüñ näsag üçin ilkinji dermandygy hakda aýdanlaryny ýörelge edinýäris. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziñ «Türkmenistanyñ dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-fundamental eserindäki derman ösümliklerden hem peýdalanýarys.
Gahryman Prezidentimiziñ ynsan saglygyny berkitmekde öñe süren sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, dürli sport ýaryşlaryna gatnaşýarys hem sport bäsleşiklerini guraýarys, bedenterbiýe sagaldyş maşklaryny ýerine ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziñ «Saglyk» döwlet maksatnamasyna salgylanyp guraýan işlerimiz il alkyşyna eýe edýär-diýip, çaga dogrulýan bölümiñ müdiri Leýla Jommyýewa gürrüñ berdi.
Maru-şahu jahan
02.10.2014ýyl

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com