«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň ýeňijisi

Baharyň ilkinji günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Etrap-şäher we welaýat tapgyrlarynda saýlanyp, ýurdumyz boýunça ýeňijini kesgitlejek aýgytlaýjy tapgyra paýtagtymyzdan we berkarar Diýarymyzyň welaýatlaryndan öňdebaryjy zenanlaryň 40-dan gowragy gatnaşdy. Olaryň arasynda bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan zenanlar hem bar.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, welaýatymyzdan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga Saýat şäher hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary Gülzada Haýtyýewa, Döwletli etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy Aýgözel Çakanowa, Çärjew etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Çynar Osmankulyýewa, Dänew etrabyndaky 12-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Jemal Ereşowa, Türkmenabat şäherinden harby gullukçy Gülnabat Jumaýewa, Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sülgün Agamämmedowa we telekeçi zenan Aýgözel Seýtiýewa hukuk gazanypdy. Döwlet bäsleşiginde welaýatymyza wekilçilik eden zenanlar jemleýji tapgyrda ýeňşe bolan yhlasy bilen eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldular.
Mälim bolşy ýaly, «Ýylyň zenany» bäsleşigi giň gerimli çäredir. Her ýyl Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda jemi jemlenilýän bäsleşikde oňa gatnaşyjylar ýedi ugur boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan iň zehinli zenanlaryň gatnaşmagy bäsleşigiň gyzygyny has-da artdyrdy. Şeýle bolansoň, bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň eminlerine ýeňijileri kesgitlemek ýeňil düşmedi. Netijede, lebaply zenanlaryň biri «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň ýurdumyz boýunça ýeňijisi bolmagy başardy. Has takygy, bäsleşige gatnaşyjylaryň çaga terbiýelemekdäki yhlasyny kesgitleýän «Ýylyň mährem zenany» ugry boýunça Dänew etrabyndaky 12-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Jemal Ereşowa eminleriň iň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Adyndan belli bolşy ýaly, bäsleşigiň bu ugrunda esasy üns zenanlaryň durmuşdaky iň mukaddes başarnygyna — çaga terbiýesine gönükdirildi.
Öýde mährem ene, işde mährem terbiýeçi bolan Jemal Ereşowa bäsleşigiň beýleki ýeňijileri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Hormat hatyna hem-de gymmat bahaly sowgadyna mynasyp boldy. Şeýle hem bäsleşige gatnaşan ähli zenanlara höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.
Maral AKMYRADOWA, ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com