ZENANLAR SARPALANDY

Paýtagtymyzda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi.
Onuň çäklerinde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere, döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak, şeýle hem köp çagaly maşgalalara döwrebap öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň zenanlaryna, enelik mähri, nesiller hakynda aladasy, mähribanlygy we yhlasy üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, mähriban zenanlaryň netijeli işi durmuş ulgamyna, deňhukuklylygy goramak ýörelgelerine esaslanyp, sagdyn durmuş esaslarynyň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Mähriban zenanlar — biziň buýsanjymyz, gözelligiň we ruhubelentligiň gözbaşy. Olar bizi alada bilen gurşap alýarlar, özleriniň ruhy jomartlygy bilen daşky dünýäni has kämilleşdirýärler we ynsanperwerleşdirýärler.
Ösüp barýan ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmeginde, asyrlaryň dowamynda türkmen maşgalalarynda emele gelen mukaddeslikleriň berkidilmeginde, pederlerimiziň miras goýan iň gowy häsiýetleriniň we ýörelgeleriniň geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillere ýetirilmeginde zenanlara möhüm orun degişlidir.

Hut şonuň üçin hem zenanlaryň baýramçylygy mynasybetli her ýylda geçirilýän dabaralarda köp çagaly eneleri sylaglamak çäresi asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly ada zenanlaryft iki ýüzden gowragy mynasyp boldy.
Dabara gatnaşanlar ýurdumyzyň ähli zenanlarynyň adyndan durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy hem-de hemmetaraplaýyn işi üçin döredilýän amatly şertler, ýaş nesiller hakda we jemgyýetimizde ýokary ruhy-ah-
lak gymmatlyklarynyň saklanmagy ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzda baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Baharyň şu ajaýyp günlerinde zenanlara gutlag sözleri we mähirli arzuwlar aýdyldy. Şeýle hem konsertler, sergiler, bäsleşikler, dürli duşuşyklar guraldy.
Ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, guramalarda we eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalarda zenanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul baýraklaryny gowşurmak dabarasy boldy. Asylly däbe görä, bu sowgatlara gelin-gyzlaryň hemmesi, şol sanda talyp, okuwçy gyzlar, çagalar baglarynda terbiýelenilýän gyzjagazlar mynasyp boldular.
«Watan».
Surata düşüren Maksat AKMÄMMEDOW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com