BAÝRAM GELDI BAHAR GÜLLERI BILEN

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Baýramaly şäher bölüminiň we TKA-nyň şäher birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda şäheriň «Bagtyýar türkmen» toý mekanynda Halkara zenanlar güni mynasybetli çäre geçirildi. «Rowaç alýan gül eýýamda, bagtyýardyr zenanlar» atly dabaraly çärä şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar, kümüş saçly eneler, sekiz we ondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren «Ene mähri» hormatly ada eýe bolan mähriban eneler gatnaşdylar, Bu çäräniň dowamynda şäher medeniýet öýüniň aýdymçy-sazandalarynyň çykyşlary, degişme sahnalary ýygnananlarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdylyp, baýramçylyk sowgatlary we gülleri gowşuryldy.
Jennet AGAÝEWA.
TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com