ENELER ŞAT-DÜNÝÄ ŞAT

Tebigatda ýaz paslynyň joşa gelýän wagtynda, ýagny, mart aýynda bellenilýän zenanlaryň baýramy mynasybetli Baýramaly şäherindäki «Bagtyýar türkmen» toý mekanynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Şäher häkimligi, şäheriň jemgyýetçilik guramalary, TAP-nyň şäher komiteti tarapyndan geçirilen çärä edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda, bilim, medeniýet ulgamynda zähmet çekýän zenanlar, zähmetde tapawutlanýan öňdebaryjylar, köp çagaly enelerdir ýaşlar, döwlet sylagyna eýe bolan zenanlar, ýaşuly eneler gatnaşdylar.
Toý desterhanynyň başynda geçen çärede şäher medeniýet bölüminiň aýdymçy-sazandalarynyň taýýarlan joşgunly aýdym-tanslary, şäherdäki Zelili adyndaky çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar toparynyň skripkada çalan sazlary zenanlar üçin baýramçylyk sowgady boldy.
Çärede şäher häkiminiň orunbasary, şäher zenanlar geňeşiniň başlygy Altynjemal Baýramowa, şäherdäki 3-nji orta mekdebiň halypa mugallymy Akja Babakulyýewa, TKA-nyň şäher birleşmesiniň başlygy Jennet Agaýewa çärä gatnaşanlary baýramçylyklary bilen gutlap, zenanlary sarpalaýan Gahryman Prezidentimize alkyş aýtdylar.
Şowhunly çäräniň dowamynda milli we döwrebap egin-eşikleriň görkezilişi guraldy. Şäher bilim bölümine degişli orta mekdepleriň kiçi ýaşly oglanjyklary çärä gatnaşan zenanlara gyzyl gülleri gowşurdylar.
Aýjan ABDYÝEWA.
«Maru — şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com