KALPLARDA BAÝRAM, ÄLEMDE ŞATLYK

8-nji Mart — Halkara zenanlar baýramyna bagyşlanan dabarada bu hakykatdan-da şeýle boldy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan Wekilbazar etrap medeniýet öýünde guralan aýdym-sazly dabara zenanlar baýramyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Baýramçylyk dabarasyna welaýat zenanlar bölüminiň agzalary, etrap-şäher zenanlar geňeşleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işjeňleri, ömri nusgalyk mährem eneler, edara-kärhanalarda işleýän zenanlar, ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Mährijemal Mämmedowa mähirli gutlag bilen çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň pul sylagyna eýe bolan mähribanlara sowgatlarynyň nesip etmegini, saglyk, şatlyk, bagt arzuwlady.
Wekilbazar etrap medeniýet bölüminiň aýdym-saz ussatlarynyň taýýarlan baýramçylyk konserti göwünlere şatlyk paýlady, Ýaşuly enelere baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy älem şatlygyny eçildi.
Döwletli-döwrandan, mähriban Prezidentimiziň sylag-sarpasyndan hoşal bolýan zenanlar Arkadag Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýtdylar.
A. DURDYÝEWA.
“Maru-şahu jahan” gazetiniň habarçysy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com