HABARLAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2019-njy ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda “Rowaçlyga beslenen Watanyň buýsançly zenanlary” atly maslahat geçirildi.
Arkadag Prezidentimiziň adalatly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, rowaçlyklary, ýeten belent sepgitleri bu gün, yglan edilen “Türkmenistan – Rowaçlygyň Watany” ýylynda halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny, hormat-sarpasyny has-da belende galdyrýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Düýn, Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki döwlet üçin hem ähmiýetli waka, ýagny iki halkyň arasyndaky dost – doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegine ýardam berjek birnäçe resminamalara gol çekildi. Şol resminamalaryň içinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda zenanlaryň işleri babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Şeýle ýokary derejede bu resminama gol çekilmegi ýene-de bir gezek biziň ýurdumyzda zenanlara goýulýan beýik sarpadan nyşan bolup durýar.
Ähtnama 6 (alty) maddadan ybarat bolup iki ýurduň zenanlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, maglumatlar bilen alyş-çalyş etmek, Zenanlar guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we bilelikde çäreleri gurnamagy we geçirmegi ýola goýmak ýaly wezipeleri öz üstüne alýar.
Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, ösüşleriň täze sepgitlerine çykmak ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýan şeýle ajaýyp günlerinde Diýarymyzyň dünýä nusgalyk ösüşlerini dabaralandyrmak we wagyz-ündew işlerini güýçlendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi “Rowaçlyga beslenen Watanyň buýsançly zenanlary” atly maslahaty geçirdi.
Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzalary we ilkinji zenanlar guramalaryň başlyklary, dürli pudaklarda zähmet çekýän wekiller hem-de Zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Gurbangül Ataýewa açyp, onda 16-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Nurgözel Kömekowa, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň Strategiki çaklaýyş we seljeriş bölüminiň esasy hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Aýna Açilowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Maýa Halykberdiýewa, “Nebitgaz hyzmat” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Nebitgaz toplumynyň buýrmalar kabul edijisi, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Enegül Gurbannyýazowa, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň esasy hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Güller Orazowa, Türkmen Döwlet Binagärlik-gurluşyk institutynyň Senagat ekologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Ogulbagt Orazdurdyýewa çykyş etdiler.
Maslahatda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy netijesinde ýurdumyzyň abraýynyň has-da ýokary derejelere alyp barmak ugrunda eden beýik işleri baradaky çykyşlar hem diňlenildi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar edilen gürrüňleri el çarpyşmalar bilen gyzgyn goldadylar we halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com