ZENANLARDAN ALKYŞ SIZE, ARKADAG!

Döwletleriň, halklaryň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygy berkidýän saparlar halklary bir-birine ysnyşdyrýar, ýakynlaşdyrýar. Bu Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana guran iş sapary babatynda hem şeýledir. 
Dost-doganlygyň mekany bolan eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatlaryna guwanç duýgusy bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan welaýat häkimliginiň uly mejlisler zalynda «Rowaçlygyň Watanydyr bu Diýar, Arkadagyň saýasynda zenanlarymyz bagtyýar» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa welaýat, etrap-şäher zenanlar geňeşleriniň ýolbaşçylarydyr işjeň agzalary, jemgyýetçilik guramalaryndan, hukuk goraýjy edaralaryndan, edara-kärhanalardan işjeň zenanlar, mährem enelerdir ýaşlar gatnaşdylar. 
Rowaçlygyň mukaddes ýoly bilen öňe barýan ata mekana buýsanç, zenanlara hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza alkyşnama bilen başlanan maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Mährijemal Mämmedowa açdy we alyp bardy. 
Welaýat zenanlar bölüminiň başlygy maslahatyň gün tertibinde garaljak meseleler bilen tanyşdyryp, Türkmenistan döwletimizde zenanlara goýulýan belent sarpanyň guwançly netijesi hökmünde Bahreýn Patyşasynyň ýurdumyza guran iş
saparynyň dowamynda iki döwlet üçin hem ähmiýetli wakalara giň gerim berendigi, şol sanda iki ýurduň zenanlarynyň işjeňligi, özara düşünişmegi babatynda baglaşylan möhüm Ähtnama gol çekilmegi, zenanlaryň işleri babatyndaky maglumatlarda alyş-çalyş etmek barada aýdylanlary buýsanç
bilen belledi.
— Munuň özi türkmen zenanlarymyzyň beýleki ýurtlaryň zenanlary bilen ykdysady, medeni, ylym-bilim, hünär babatyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam berýär — diýip, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy aýtdy. Zenanlara goýulýan hormat-sarpanyň belent derejesini alamatlandyran şeýle buýsançly wakalaryň welaýatymyzyň zenanlaryny döredijilikli zähmet çekmäge, watansöýüji nesilleri terbiýelemäge ruhlandyrýandygyny buýsançly belledi. Edil şunuň ýaly mazmundaky sözler bilen «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň işgäri Bahargül Mejidowa hem çykyş etdi. Çykyşyň dowamynda Arkadag Prezidentimiziň dünýä uzaýan dost-doganlyk ýollary hakynda goşgynyň okalmagy maslahata gatnaşanlara ýakymly duýgular eçildi.
Maslahatyň gün tertibinde goýlan «Gender deňligi — bagtyýarlygyň kepili», «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenan sarpasy», «Maşgala terbiýe ojagydyr» diýen ýaly meseleler boýunça welaýatymyzdaky «Arkadagyň bagtyýar
nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Güljahan Çarykulyýewa, TDEI-niň mugallymy, zenanlar guramasynyň başlygy Ejegyz Sopyýewa, halypa bilim işgäri Bibi Nurmyradowa, Mary şäher prokurorynyň uly kömekçisi Sona Gaýypowa, Baýramaly şäherinden halypa mugallym, ýaşuly ene Akjagül Babagulyýewa çykyş etdiier.
Çykyşlarda döwletimizde zenanlara goýulýan belent sarpa, döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlar, gender gatnaşyklary, deňhukuklylyk, halypa zenanlaryň adynyň ebedileşdirilmegi innowasiýany durmuşa ornaşdyrmak arkaly zenanlaryň işini ýeňilleşdirmek, «Ene mähri» adyna eýe bolan zenanlara durmuş üpjünçiligi babatda berilýän ýeňillikler hakyndaky buýsançly sözler giň orun tutdy.
«Maşgala terbiýe ojagydyr» diýlip nygtalan çykyşlarda türkmeniň asyrlardan dowamly edep-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek, zenanlara mahsus, asyllylyk, ahlak kadalaryny berjaý etmek, maşgala kämilligi, maşgalada zenanyň, onuň ýagşy görüm-göreldesiniň ähmiýeti, maşgalany bozmagyň çaga ýetirýän zyýany hakynda durmuşy mysallara salgylanyp edilen gürrüňler täsirli boldy.
Maslahat oňa gatnaşanlaryň «Arkadaga şöhrat!» diýen alkyş sözleri bilen jemlendi.
Aýjan ABDYÝEWA.
«Maru — şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy.
 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com