ALYM ZENANLAR BAŞANYKLARYNY BARLADYLAR

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtly geljegi üçin edýän beýik işlerinden ugur alyp, zenanlaryň, şol sanda alym zenanlaryň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak hem-de olary türkmen medeniýetiniň ýokary belentliklerine ýetmäge ruhlandyrmak, hünärini kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikler we zerur şertler döredilýär. Munuň özi zenan alymlarymyzyň hyjuw bilen zähmet çekmeklerine, düýpli ylmy açyşlaryna giň ýol açýar.
Ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza, medeniýetimize daýanýan milli watansöýüjilik duýgularymyz bilen Watanymyzy, türkmen halkymyzyň başarjaňlygyny, ýurdumyzy ösdürmekde alnyp barylýan işleriň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak möhüm işleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda: «Ylmy ösdürmek, milli mirasymyzy şöhratlandyrmak we wagyz etmek jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-da, Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, beýleki guramalaryň we ähli ideologiýa ulgamynyň işiniň möhüm ugruna öwrülmelidir» diýip belledi. Bu sargyt ýurdumyzyň ylym-bilim işgärlerini ýaşlara berilýän bilimiň, terbiýäniň hilini has-da kämilleşdirmäge çagyrýar, olaryň özlerini we ýaşlary ylmy gözleglere ruhlandyrýar.
Ýaşlarymyzyň ösen ylmy taglymatlardan we halk döredijiliginiň dürdänelerinden gorly bolmaklarynda, hünär bilimlerini kämil öwrenmeklerinde, olaryň ukyp-başarnygyny açmakda döredijilik bäsleşikleriniň uly orny bar. Şeýle bäsleşikler häzirki wagtda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli yzygiderli geçirilip durýar.
Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän kitaplarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine wagyz etmek, ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, «Dünýäniň bar görki enedir-ene» atly bäsleşigi gurady. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň mejlisler
jaýynda geçirilen bu bäsleşige Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynda zähmet çekýän alym zenanlardan düzülen toparlaryň altysy gatnaşdy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutyndan, Taryh we arheologiýa institutyndan, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyndan hem-de Tehnologiýalar merkezinden, Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutyndan, şeýle-de Merkezi ylmy kitaphanasyndan gelen toparlar bäsleşikde üç ugur boýunça çykyş etdiler. 1-nji ugur «Hormatly Prezidentimiziň «Bu toprak gadymy kerwen ýollarynyň geçen, adamzadyň ruhy hazynasyny baýlaşdyran alymlaryň, söz ussatlarynyň ülkesidir. Bu ülkede olar ajaýyp eserleri döredipdirler, watansöýüjiligi, mertligi we ynsanperwerligi durmuşyň esasy manysyna öwren beýik ata-babalarymyz ýaşapdyr» diýen pähmine eýerip, taryhda yz galdyran türkmen zenanlary hakynda rowaýat aýtmaly», 2-nji ugur «Bäsleşige gatnaşýan zenan ene hüwdüsiniň nesil terbiýesindäki orny hakynda gürrüň bermeli», 3-nji ugur «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ylmy taýdan ösüşleriniň
waspyny beýan etmeli» diýen ýumuşlardan ybarat boldy.
Emin agzalary çykyşlary bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, dürli ugurlardan seljerip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alym zenanlarynyň
1-nji orna mynasyp bolandygyny yglan etdiler.
2-nji orna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň topary mynasyp boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň topary 3-nji orny eýelediler. Ýeňiji bolan alym zenanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Gyzykly geçen bu çäräniň dowamynda ýurdumyzda özleri barada edilýän aladalar üçin hoşallykly, buýsançly sözler, il-halkymyzyň eşretli şu güni hem-de ýagty geljegi ugrunda irginsiz aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşlar belentden ýaňlandy.
Çemen ANNABERDIÝEWA, ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com