ROWAÇLANÝAN WATANYMYZDA BAGTYÝAR ZENANLAR

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatyny, maşgala agzybirligini berk saklamagy, arassa ahlaklylygy, türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen «Rowaçlanýan Watanymyzda bagtyýar zenanlar» diýen at bilen geçiren maslahaty işjeň häsiýete eýe boldy.
Welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçen wagyz-ündew maslahatyna hormatly dynç alyşdaky mährem eneler, welaýat merkezindäki bilim edaralarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Arkadag Prezidentimiziň irginsiz aladasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanynyň mertebesiniň has-da belende göterilendigini aýratyn belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we medeni-durmuş ulgamynda gazanylýan ägirt uly ösüşler, ýokary üstünlikler, zenanlaryň maşgala ojagyndaky, iş ýerindäki we jemgyýetdäki orny barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza eýerip, olary döwrebap ösdürmek, sagdyn maşgalany kemala getirmek, döwrebap ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýaly möhüm meseleler hem maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Okuw mekdeplerinde okaýan gyzlaryň, edara kärhanalarda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini netijeli ýola goýmaga degişli maslahatlar berildi.
Ýokary işjeňlige beslenen maslahata gatnaşanlar özleri barada edýän bimöçber aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Muhammetgylyç
TAGANGYLYJOW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com