NESIP ETSIN, TOÝDA GEÝIÑ!

   Ýagşy niýetli şeýle sözleri eli hünärli tikinçi gözeller Türkmengala etrabynyñ «Türkmenistan» daýhan birleşiginiñ Rehnet geñeşliginde ýaşaýan uýalar Gülşirin, birini beýlekisinden tapawutlandyryp bolmaýan ekizler Dünýä, Dursun Muhtarowalaryñ rysgally öýlerinde günde-günaşa eşitmek bolýar. Ajaýyp keşde-nagyşlary sünnäläp keşdeleýän Gülşirin daşary ýurt enjamy bolan tikin maşynynyñ başynda oturşyna ýap-ýañja tikip bolan döwrebap biçüwdäki köýnegini synlap öz zähmetiniñ netijesinden lezzet alýandygyny aýan edýär.
-Men köýnek tiksem, özümden kiçi uýalarym -ekizler Dünýä, 

Dursun dürli nagyşlary gelşirip salyp ýaka bejerýärler. Obamyzdaky 20-nji orta mekdebi tamamlansoñ, deñ-duşlarymyñ kimsi bilimini artdyrmaga ýokary okuw jaýyna gitdi, kimsi öz başarýan hünärini saýlap, şoña eýe çykdy. Menem ejem Ogulgurbanyñ öwreden biçüw-tikimi bilen boluberdim. Hünärliniñ hor bolmaýanyna öz durmuşymda göz ýetirdim. Dürli biçüwdäki tutulary, erkek adamlar, çagalar üçin niýetlenen egin-eşikleri hem müşderiñ islegine görä biçüwde tikýärin- diýip, Gülşirin gapdalyndaky asawaçda duran dürli egin-başlara gözüni aýlaýar. Uşak keşdelenen dondur köýnekler, dürli keşdeli ýakalar, taýýar bolan egin-başlar bu otaga gelip-gidýänieriñ ünsünde. Olary synlap doýup bolanok.
-Müşderilerimiziñ sany gitdigiçe artýar. Diñe oba adamlary däl, eýsem goñşy obalar, goñşy etraplardan hem gelip tikin işlerini buýrup gidýärler. Toy egin- -başlarynyñ milli hem döwrebap görnüşlerini taýýarlap berýäris. Bize el hünärini öwreden halypamyzyñ hem käbämiziñ jany sag bolsun!- diýip, ekiz körpeler Dünýä, Dursun hem gürrüñe goşulýar. Hawa, Çowdur obasynda döwletli ojagyñ ojakbaşysy bolan Ogulgurban ýeññäniñ gapysy mydama gelim-gidimli. Bu ojakda 10 çaga kemala gelip il hataryna goşulan. Ene topraga halal hyzmatly kärendeçi doganlar Döw- letgeldi, Jumamyrat, Gurbanmyrat, Aýnagözel, Gülşirin, Şatgeldi, Tawus, Gülaýym, Dünýä we Dursun maşgalanyñ guwanjy.
-Kakalary Meretgeldi pahyrömrüni daýhan birleşiginiñ işine bagyşlapdy. Oglanlar kakalarynyñ ýokdugyny bildirenoklar. Ýerli-ýerden zähmet çekip, agzybirligi saklaýarlar. Olaryñ köpüsi öýli-işikli. Hudaýa şükür, gelinlerimiñ eli işli. Maýsa mugallymçylyk etse, Sülgün, Gülşat, Kümüş öý işlerini elime ýetirenok. Wagt tapsalar gyzlaryñ el işlerine-de kömek berýärler. «Agzybirlik bar ýerinde rysgal-döwlet ýer tutarmyş» diýleni hakykat. Maşgala oñşuklygy köplenç sylag-hormatda jemlenýär. Otursam-tursam şony sargyt edýän-diýip, mährem ýylgyryşly Ogulgurban ýeññe çagalarynyñ hersiniñ hüý-häsiýeti, edim-goýumy hakda guwançly söz açýar. Heý, dünýäde enäniñ perzentlerine bolan gursak guwanjyndan zyýat zat barmyka? Bagtyýar maşgalany synlap oturşyma şeýle oýa batanymy duýman galdym. Maşgalanyñ owadan kamatly gelinleriniñ biri posalajyk balasyny eline alyp, oña söýgüli sözlerini aýdýar.
Diýmek, ene guwanjy bu döwletli ojakda dowamly. Gözbaşy mähirden doly maşgalanyñ şu güni-geljegi bagtyýarlyga beslenen. Muny biz owadan uýalaryñ «Bagtyýarlyk» diýip atlandyran täze döreden nagyşlarynda has aýdyñ gördük.
Maru-şahu jahan
02.10.2014ýyl

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com