Baş baýlygyň şanyna

Türkmen halky asyrlarboýy dünýäniň durkuna deňelýän gelin-gyzlary başyna täç edip, zenan mertebesini beýgeldip gelýär. Pederlerimiziň bu asylly ýörelgelerini döwrebap dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyz hem mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sylag-sarpa goýmagyň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gelin-gyzlarymyzyň mähir-alada bilen gurşalmagy, olara çäksiz hormat goýulmagy biziň her birimiziň göwnümizi galkyndyryp, maşgalada, jemgyýetde we döwletde parahatçylygyň, asudalygyň üpjün edilmegine ýakyndan ýardam etmegimize ruhy güýç berýär. Şu aladalardan ruhlanan zenanlar ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly adamlar edip terbiýelemekde, döwrebap bilim bermekde, hünäre ugrukdyrmakda nusgalyk işleri alyp barýarlar.

Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan zenan maşgalalaryň jemgyýetde tutýan ornuny işjeňleşdirmek we saglygyny berkitmek maksady bilen Türkmenabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda «Sagdyn ene — sagdyn nesil» diýen şygar bilen köpçülikleýin medeni çäre geçirildi. Oňa zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda maşgala abadançylygynyň gorap saklanylyşy, nesil terbiýesinde zenan maşgalanyň tutýan orny barada giňişleýin söhbet edilip, sagdynlygyň hem-de gözelligiň beýany bolan sporty ösdürmek hakynda edýän irginsiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdyldy.

Soňra zenanlar sportuň dürli görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Stoluň üstündäki tennis, küşt, şaşka we woleýbol boýunça geçirilen ýaryşlar has-da çekeleşikli häsiýete eýe boldy.

Mährijemal ATAJANO WA, Türkmenabat şäher häkimliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Türkmenabat şäher bölüminiň işjeň agzasy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com