ROWAÇ TUTUMLAR ÖSÜŞLERE BADALGA

      Üstümizdäki ýyly şygaryna laýyk dabaralandyrmak maksady bilen, golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Şäher häkimliginiň, zenanlar guramasynyň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. «Sagdyn jemgyýet rowaçlygyň gözbaşy» atly şygar astynda geçirilen maslahatyň dowamynda welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Bahar Piriýewa, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, Daşoguz şäherindäki 2-nji orta mekdebiň mugallymy Gülsoltan Saparowa, mährem ene Eneş Atabaýewa dagy çykyş edip, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we ýurdumyzyň gülläp ösüşleriniň hatyrasyna uly üstünliklere beslenýän ýyllary dabaraly hem-de döwrebap atlandyrmagyň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. ÜstümizdäkiTürkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde ýylyň şygaryna laýyk mazmunda geçjekdiginiň alamatlaryny aýdyň ýüze çykaran taryhy wakalaryň netijeleri dogrusynda buýsançly söhbet etdiler. Şonuň ýaly-da, jemgyýetçilik guramalarynyň öňlerinde durýan wezipeler, halk bilen döwletiň bitewüligini pugtalandyrmaga degişli işlere gatnaşygy işjeňleşdirmek, ýaşlary sagdyn ruhda terbiýelemek, rowaçly tutumlaryň netijelerini has-da ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işler dogrusynda nygtalyp geçildi. Çykyş edenler ähli ösüşleriň başynda duran hem mähriban Arkadagymyzyň adyna çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com