AJAÝYP DÖWRÜŇ WASPY

   Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda «Ajap döwri peşgeş berdiň Arkadag» diýen at bilen geçirilýän aýdym-sazly bäsleşigiň Bagtyýarlyk etrap tapgyry ruhubelentlige beslendi. Häkimligiň mejlisler jaýynda geçirilen çärä orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyp ýaşlar, häkimligiň işgärleri gatnaşdylar. Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolup, onda Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän 31-nji, 164-nji we 177-nji çagalar baglarynyň terbiýeçileri bäsleşdiler. Bäsleşikde ene hüwdüsi, enelerimizi wasp edýän ajaýyp aýdymlar belentden ýaňlandy. Şeýle hem döwletimiziň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýeten sepgitleri goşgy setirlerine siňdirilip, labyzly okaldy. Bäsleşige gatnaşyjylar däp-dessurlarymyzy, galpak, diş toýlaryny janlandyrýan sahna oýunlaryny hem ýerine ýetirdiler.

Dabaranyň dowamynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde gözel paýtagtymyzy, söýgini, ata Watany wasp edýän şirin owazly aýdymlar belentden ýaňlandy. Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary, zenan el işleri boýunça guran sergisine dabara gatnaşyjylar höwes bilen syn etdiler. Bäsleşigiň ýeňijilerine Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň sowgatlary gowşuryldy.

«Aşgabat».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com