Nurana döwrüň şuglasy

     Düýn Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Aşgabat şäher häkimliginiň Zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli «Rowaçlyk ýoly täze zähmet üstünliklerine tarap» atly sergi hem-de wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärä paýtagtymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar, mähriban eneler, talyp ýaşlar we çeper elli gelin-gyzlarymyz gatnaşdylar. Sergide milli egin-eşikler, şaý-sepler, özboluşly el işleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri aýratyn öwüşgine eýe bolup, köpleriň ünsüni çekdi. Şeýle-de sergide ussat suratkeşlerimiziň eserleri görkezildi. Halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň sergisi bu ýere gelenleriň ählisinde aýratyn gyzyklanma döretdi.

Guralan çykyşlarda ýurdumyzda gelin-gyzlarymyzyň zähmet çekmekleri, bilim almaklary, çagalaryň döwrebap terbiýelenmegi üçin döredilýän giň gerimli şertler, ýaşaýyş-durmuş ulgamynda bitirilýän beýik işler üçin hormatly Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Hurma ALLANAZAROWA, «Aşgabat»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com