Habarlar

“Türkmenistan - rowaçlygyň Watany” ýylynyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh we arheologiýa instituty bilen bilelikde gurnamagynda institutyň mejlisler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmen bedewi asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli” atly maslahat geçirildi.

Ahalteke atlarynyň şöhratyny saklamak we artdyrmak işinde bahasyna ýetip bolmajak hyzmat milli Liderimize degişlidir. Türkmenistan atşynaslygyň halkara merkezine öwrülýär, behişdi bedewlerimiz we ussat çapyksuwarlarymyz bolsa, daşary ýurtlarda geçirilýän iri bäsleşikleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.

Ahalteke atlarynyň ýyndamlygyny, owadanlygyny, duýgurlygyny wasp etmek, ata-babalarymyzyň türkmen bedewlerine bolan gadyrly gatnaşygyny wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh we arheologiýa instituty bilen bilelikde gurnamagynda institutyň mejlisler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmen bedewi asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli” atly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzalary we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary gatnaşdylar.

Maslahaty    Türkmenistanyň    Ylymlar       akademiýasynyň    Taryh we

arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri,       taryh ylymlarynyň kandidaty,

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy – Akjagül Nurgeldiýewa  açyp,         Türkmenistanyň    Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň ylmy işleri boýunça orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty Handurdy Gurbanow,         Türkmenistanyň    Ylymlar       akademiýasynyň    Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Mäti Annanurow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Kakajan Baýramow, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni Güljemal Kadyrowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty Merjen Hommadowa dagylar çykyş etdiler.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy netijesinde ahalteke atlaryna aýratyn söýgi we alada bilen gurşalyp, türkmen bedewiniň abraýynyň Ýer ýüzünde dabaralanýandygy şeýle hem, atçylyk sportynyň sagdyn durmuşyň kepilidigi baradaky çykyşlar hem diňlenildi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar edilen gürrüňleri el çarpyşmalar bilen gyzgyn goldadylar we halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Ýörite habarçymyz.

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com