YNSAN SAGLYGY — BAŞ BAÝLYK

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikdäki meýilnamasynyň çäginde welaýatymyzda wagyz-nesihat häsiýetli çäreler geçirilýär. Ýakynda Gökdepe etrabyndaky pagta egriji kärhanasynyň mejlisler jaýynda geçirilen maslahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümi hem-de welaýatyň saglygy goraýyş müdirligi bilelikde gurady. Oňa welaýatymyzyň dürli ýerlerinden degişli edara-kärhanalaryň, guramalaryň hünärmenleri, zenanlar gatnaşdy.

Maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowa çykyş edip, ýurdumyzda ynsan saglygy ugrunda edilýän alada, hormatly Prezidentimiziň raýatlaryň saglygyny goramakda durmuşa geçirýän işleri dogrusynda durup geçdi, şeýle-de "Saglyk" Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere ünsi çekdi. 01 Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatda edýän dünýä nusgalyk tagallalaryna alkyşly sözleri aýtdy.

Maslahatda degişli hünärmenleriň çykyşlary diňlendi. Çykyşlarda ýurdumyzda adam döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary baýlygy hökmünde yglan edilendigi, şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak meselelerine ägirt uly üns berilýändigi, keselleriň öňüni almakda we olaryň garşysyna göreşmekde alnyp barylýan işleriň oňyn netijesini berýändigi dogrusynda aýdyldy, inçekesele garşy göreş çäreleriniň ähmiýeti bellenildi we şonuň bilen baglanyşykly degerli öwüt-ündewler, maslahatlar berildi.

Maslahata gatnaşyjylar eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde häzirki zaman kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglyk öýleridir merkezlerini, hassahanalary we toplumlary gurdurýandygy, raýatlaryň saglygy barada uly alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Miwe GARAÝEWA, Bäherden etrap hassahanasynyň lukmany.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com