Zenan kalbynyň mähri

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgünde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Ajap döwri peşgeş berdiň Arkadag» diýen at bilen geçirilen bäsleşigiň şäher tapgyry üstünlige beslendi. Gyzykly bäsleşikde ata Watanymyzyň, eziz Arkadagymyzyň beýik işleriniň waspy belentden ýaňlandy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dürli ugurlarda abraý bilen zähmet çekýän, bilim alýan şirin dilli, ýürekleri joşgunly duýgulardan doly gelin-gyzlarymyzyň arasyndaky bäsleşik üç tapgyrda geçirildi. Bäsleşige gatnaşan zenanlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda paýtagtymyzda we welaýatlarda alnyp barylýan beýik işleri, ýetilen sepgitleri buýsanç bilen wasp edip, ajap eýýamyň taryhy wakalaryny ussatlyk bilen sahnalaşdyrdylar. Ajaýyp zamana bolan ýürek buýsançlaryny goşgudyr gazallaryň, aýdymlaryň üsti bilen çeper beýan etdiler. Bäsleşikde Bagtyýarlyk etrabyndan Ogulşirin Kakabaýewa, Berkararlyk etrabyndan Jennet Şatowa üstünlikli çykyş edip, tapawutlanmagy başardylar.

Oguljennet PAŞYKOWA

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com