Gyzykly geçen bäsleşik

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Ajap döwri peşgeş berdiň, Arkadag!» atly bäsleşiginiň Balkan welaýat Türkmenbaşy etrap tapgyry geçirildi. Zenanlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň guramagynda geçirilen bu bäsleşik örän gyzykly boldy.

 

Bäsleşigiň birinji şerti boýunça «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň waspy ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler we alnyp barylýan işler bilen

baglanyşdyrylyp buýsançly, labyzly beýan edildi. Ikinji şert boýunça Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, Diýarymyzda taryhy milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişinden bir pursat sahnalaşdyryldy.

Bäsleşigiň üçünji şerti boýunça «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň waspy dabaraly aýdymyň, dessanyň, şygryň we gazallaryň üsti bilen buýsançly, çeper beýan edildi.

Bäsleşikde Gyýanlydaky Polimer zawodynyň iş ýöredijisi Ýazgül Amandurdyýewa 1-nji orna mynasyp boldy we ol bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 2-nji orna etrabyň Medeniýet öýüniň tans goýujysy Ogulgül Hudaýberdiýewa, 3-nji orna etrap Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň müdiri Gurbangül Jumajanowa mynasyp boldular.

Ýeňiji bolanlar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

Bäsleşige gatnaşanlar eşretli zamanany halkymyza sowgat eden Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Şemşat ARAZMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tiirkmenbaşy etrap birleşmesiniň baş hasapçysy.

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com