Yygymçy yaşlaryñ sowgat-serpaýy

Oba hojlygynyñ möwsümleýin işlerinde etrabymyzyñ ýaşlary zähmetiñ asyl nusgasyny görkezýärler. Bu Bedew ýylynyñ pagta ýygymy möwsüminiñ gyzgalañly günlerinde-de şeýle. Ene topraga ekleýjimiz hökmünde garap, halal hyzmat edýän ýaşlaryñ sany ýyl-ýyldan artýar. Olar oba hojalyk önümlerini bol öndürmekde halypa daýhanlaryñ daýhançylyk maslahatlaryna eýerýärler. Ýaş kärendeçileriñ arasynda atasynyñ daýhançylyk kesp-kärini ýöredýänleri köp.
Pagta ýygymynyñ joşgunly häsiýete eye bolup giñden ýaýbañlanýan günlerinde etrapýaşlargeñeşimiziñ işjeñ agzalary baýlyk-barlygymyz bolan «ak altyn» hasylyny isripsiz ýygnamakda zähmet göreldesini görkezýän kärendeçi “ ýaşrary dürli sowgat-serpaýlar bilen höweslendirýärler. Bu işler her ongünlügiñ jemi jemlenende berjaý edilýär. Ýygymçy ýaşlardan etrabyñ «Gyzylgum» daýhan birleşiginden Güljemal Akmuhammedowany, «Türkmenistan» daýhan birleşi¬ginden Jemile Hommadowany, «Çaşgyn» daýhan birleşigin¬den

Enekeýik Agajanowany ökde ýygymçylaryñ hatarynda atlandyrmak bolar. «Ak altynly» atyzlaryñ hany bolan çeýe barmak, ýüwrük elli gyzlaryñ hersi bir salkynda 100-110 kilogram bereket hasylyny gapana goýup, Watan harmanynyñ belende galmagyna goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziñ daýhana berýän kömek-goldawyndan, hemaýatyndan hoşal bolýan kärendeçilerimiz Arkadag Prezidentimizi tüýs ýürekden alkyşlaýarlar.

Sena BABAJANOWA.
TMÝG-niñ Sakarçägeeiräp geñeşiniñ gurcimaçylyk bölüminiñ müdiri
Maru-şahu jahan
02.10.2014ýyl

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com