HALYÇYLAR BÄSLEŞDILER

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Haly türkmen halkynyň gadymy hem müdimi sungatydyr» atly hünär bäsleşiginiň welaýat tapgyry jemlendi. Halyçy gelin-gyzlaryň arasynda geçirilen bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, halyçy gözeller hala salnan milli nagyşlaryň gadymylygy, nagyşlara siňen syrly şekilleriň aýratynlygyny çeper sözüň, goşgy setirleriniň üsti bilen gürrüň berdiler, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly gymmatly kitaplaryndan sahnalaşdyrylan rowaýatlary ýerine ýetirdiler, özleriniň dokan halylaryny läleleriň, hüwdüleriň, atalar sözüniň, nakyllaryň we gazallaryň üsti bilen wasp etdiler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda geçen bäsleşigiň netijesinde Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Gunça Amanmyradowa, Nurbibi Begmuhammedowa, Ogulsona Hydyrowa, Ogulnur Durdyýewa dagy ýeňiji bolup, döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com