ÇEPER ELLI HALYÇYLARYŇ USSATLYGY

Bäherden etrabyndaky çeper halyçylyk kärhanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Haly türkmen halkynyň gadymy hem müdimi sungatydyr» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli halyçy gelingyzlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň nobatdaky tapgyryny Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilelikde gurady. Oňa welaýatymyzyň çeper elli halyçy gelin-gyzlary gatnaşdy.

Zenanlar halkymyzyň şöhratly taryhyny, gaýduwsyz gahrymançylygyny, gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini hem-de çuň mana ýugrulan pähim-parasatyny öz nepis halylarynyň öçmejek göllerine siňdirip, gadymy döwürlerden häzirki ajaýyp günlerimize ýetirdiler. Türkmen halysy asyrlar boýy özüniň gözelligi bilen hemmeleri haýrana goýup gelýär. Ol halkymyzyň milli baýlygyna we gymmatlygyna öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gelin-gyzlarymyzyň bäş barmagyndan döreýän nepis halylarymyzyň meşhurlygy we sarpasy has belende göterilýär. Şeýle bolansoň, Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanýan baýramçylyk bäsleşigi hem uly gyzyklanma eýedir. Türkmen halysynyň nepisliginiň, gözelliginiň üsti bilen, ösüp gelýän ýaş nesillerde türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza, nesilden-nesle dowam edip gelýän milli halylarymyza bolan söýgini we buýsanjy ýokarlandyrmak hem-de türkmen halylaryny wagyz etmek babatda bäsleşigiň ähmiýeti uludyr. Bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşan halyçy gelingyzlaryň asylly maksada eýeren bu synaga ykjam taýýarlykly gelendigini ýerine ýetiren çykyşlary aýdyňlygy bilen aýan etdi. Olar «Syrlardan dokalan gözellik», «Gadymy nagyşlaryň syrlary» ýaly şertlerden ugur alyp, Ahal töwereklerine mahsus, nepis gölli halylar barada gürrüň berdiler. Olaryň hala salnan milli nagyşlaryň gadymylygy, nagyşlara siňen syrly şekilleriň aýratynlygy barada çeper sözüň, goşgy setirleriniň üsti bilen beren gürrüňleri ýakymly duýgulary oýardy.

Hormatly Prezidentimiziň halyçylara sowgat eden «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly kitaplaryndan sahnalaşdyrylan rowaýatlary ýerine ýetirmek bäsleşigiň özüne çekiji şertleriniň biri boldy. Halyçy gelin-gyzlaryň bu ugurdaky sahna ussatlygy uly täsirleri döretdi. Olaryň «Kesbi-kärim nesillere göreldew atly şert esasynda özleriniň dokan halylaryny läleleriň, hüwdüleriň, atalar sözüniň, nakyllaryň we gazallaryň üsti bilen wasp edişleri hem göwün göteriji duýgulary peşgeş berdi.

Bäsleşigiň şertleri esasynda ýerine ýetirilen çykyşlar halyçy gelingyzlaryň milli halylarymyzyň ajaýyp nagyşlaryny döretmekdäki ussatlygyny we şahsy başarnygyny doly açyp görkezdi. Munuň özi bolsa, bu bäsleşigiň maksadyna ýetendiginiň aňlatmasy boldy. Onuň dowamynda ýeňijiler kesgitlenip, Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Gunça Amanmyradowa, Nurbibi Begmuhammedowa, Ogulsona Hydyrowa, Ogulnar Durdyýewa dagy baýrakly orunlara mynasyp boldular hem-de jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Akgözel HOJALYÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com