Gyz gözelligi sandykda

Gyz gözelligi sandykda

Golaýda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda «Gyz gözelligi sandykda» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kardeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guraldy. Oňa welaýatymyzyň prokuratura, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri, ýaşuly enelerimiz, institunyň zenan mugallymlary hem-de talyp gyzlary gatnaşdylar.

EDEP TERBIÝE WAGYZ EDILDI

Zenan terbiýesine bagyşlanan maslahatda Mary şäheriniň ýaşaýjysy, şäher zenanlar guramasynyň agzasy Altyn Mämmedowa, Türkmenistanyň Zenanlar birlaşiginiň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni Ogulbahar Allanazarowa, welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçilik boýunça uly kömekçisi Maýsa Kurbanowa, institutyň mugallymy, zenanlar guramasynyň başlygy Ejegyz Sopyýewa, institutyň mugallymy Gunça Serdarowa, şäheriň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Amandursun Orazberdiýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler türkmen zenanyna mahsus bolan asyllylyk, mylakatlylyk, gözellik, päkizelik ýaly häsiýetler dogrusynda durup geçdiler we özleriniň degerli maslahatlaryny berdiler. Aýratynam, ýaşuly ene Altyn Mämmedowanyň, Ogulbahar Allanazarowanyň, Maýsa Kurbanowanyň terbiýeçilik ähmiýetli köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmak, ýaşlara görelde bolmak, maşgala gurmak we ojagy abat saklamak dogrusynda beren gürrüňleri hemmeleriň ünsüni özüne çekdi.

«Gyz gözelligi sandykda* ady bilen geçirilen maslahatda oňa gatnaşyjylar çykyş edeniere beren täsirli gürrüňleri, maslahatlary üçin welaýatyň ähli zenanlarynyň adyndan öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Maslahatyň ahyrynda zenan mertebesini belende göterýän, gyz-gelinleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirmäge ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň adyna egsilmez alkyşly sözler aýdyldy.

Bahargül MEJIDOWA. «Maruşahu jahan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com