TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT

Ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi bilen Bilim ministrliginiň bilelikde guramaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli maslahat geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebiniň talyp gelingyzlary, professor-mugallymlar, hukuk goraýjy, saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri, mährem eneler gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň göreldeli okamaga, işlemäge, ýaşamaga döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýaşlaryň asylly, edepli, päk niýetli, ruhy we ahlak taýdan arassa, kämil düşünjeli bolup ýetişmekleri, ýokanç kesellerden goranmak we olaryň öňüni almak, ýaramaz endiklerden daşda durmak ýaly meseleler dogrusynda gürrüň etdiler. Çäräniň dowamynda çykyş eden kümüş saçly enelerimiz hem ýaşlarymyzyň eli hünärli, lebzihalal, maşgala ojagyna wepaly bolmaklaryny, ene-mamalarymyzdan şu günümize çenli gelip ýeten milli ýol-ýörelgelerinden nusga almaklygy ündediler. Olar gelin-gyzlarymyzyň

geýinmek edebi, gaýyn-gelin, eneli-gyz, maşgala gatnaşyklary hakynda öz tejribelerinden mysallar getirip, nesihat berdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Paýhas çeşmesi», «Janly rowaýat» atly kitaplaryndan, Magtymguly Pyragynyň edep-terbiýe hakyndaky goşgularyndan parçalar okalyp, durmuşdan getirilýän mysallar bu çäräniň täsirliligini hasda artdyrdy. Türkmen zenanlaryna belent sarpa goýýan, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan milli Liderimize alkyşlar aýdyldy.

Şeýle-de çäräniň dowamynda myhmanlar ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplarynyň guran sergisine tomaşa etdiler. Milli lybaslarymyzyň, haly we haly önümleriniň, gadymy gap-gaçlaryň dürli görnüşleriniň sergisi çärä gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.

Eneş JORAÝEWA, ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com