BUÝSANJA BESLENEN MASLAHAT

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we welaýat bölüminiň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda maslahat geçirildi. «Arkadagly rowaç Watanyň buýsançly zenanlary» ady bilen geçirilen maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler, ýaşlar gatnaşdylar.

Bagtyýarlyga beslenýän ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda gazanylýan üstünliklerdir ýetilýän belent sepgitler agzybir halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Watanymyzyň geljegi bolan berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde bitirýän işleri, yhlasly zähmetleri üçin ýurdumyzyň zenanlary uly hormata mynasyp bolýarlar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan amala aşyrylýan işlerde hem munuň şeýledigine göz ýetirmek bolýar. Zenanlaryň çekýän zähmetine ýokary baha berlip, sarpasy belentden tutulýar.

Olara döwletimiz tarapyndan sylag-hormat edilmegi, hormatly atlaryň dakylmagy aýdylanlary tassyklaýan hakykatdyr.

Uly ruhubelentlige beslenen maslahatyň dowamynda çykyş edenler şular barada aýdyp, zenan sarpasyny belentde tutýan mähriban Arkadagymyzyň saýasynda bagtyýar, bolelin ýaşaýyş--durmuşyň hözirini görýändiklerini, nesil terbiýelemekde döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýandyklaryny buýsanç bilen bellediler. Ene sarpasyny, zenan hormatyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Nursoltan DEPBIÝEWA.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com