RAOWAÇLYK ÝOLY BILEN

Halkymyz asyrlaryň dowamynda özboluşly maddy we ruhy medeniýetini hem-de milli mirasyny nesillere geçirip, aýawly saklap gelipdir. Milli mirasymyzyň özboluşlylygy, gözelligi gadymdan gelýän şadessanlarymyzda, şekillendiriş sungatynda, milli binagärlik ulgamynda, halyçylykda, zergärçilikde, keçe we palas önümleriniň taýýarlanylyşynda, ýüpekçilikde, milli egin-eşiklerde, gelin-gyzlarymyzyň şaý-seplerinde, aýdym-sazlarymyzda, tanslarymyzda, toý dabaralaryny geçirmegiň däp-dessurlarynda özüniň beýanyny tapýar. Munuň üçin hormatly Prezidentimiz: «Biziň gülläp ösýän döwletimiz dünýä medeniýetiniň ösüşinden hiç haçan yza galmaly däldir» diýmek bilen, ähli şert-mümkinçilikleri döredýär. Geçirilýän çärelerdir bäsleşikler milli medeniýetimiziň, däp-dessurlarymyzyň içgin öwrenilmegine ýakyndan ýardam berýär.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde Mollagara şypahanasynda Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýylyna bagyşlap guran «Rowaçlyk ýoly bilen täze zähmet üstünliklerine tarap» atly sergisi hem şolaryň biri boldy. Oňa edara-kärhanalaryň, medeni ojaklaryň işgärleri, el işleri we amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan zenanlar gatnaşdylar.

Ene-mamalarymyzdan miras galan amaly-haşam sungatyna, zergärçilige, dokmaçylyga, tikinçilige, agaçdan ýasalan hojalyk-durmuş esbaplaryna, keramikadan, daşdan taýýarlanan dürli önümlere ösüp gelýän ýaş nesilde söýgi döretmegi, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ösdürilýän halypa-şägirtlik ýoluny has-da kämilleşdirmegi, sungatyň ýokary derejesine ýetirilýän hünäri we milli mirasymyzy açyp görkezmegi maksat edinen sergi özboluşlylygy bilen tapawutlandy.

         Özleriniň haly, palas, keçe ýaly önümleri bilen gelen zenanlar buýsançly çykyşlarynda sergä getiren işlerini, olaryň ähmiýetini, gadymy nusgalara täze öwüşgin çaýyşlaryny, asyl nusgalary öwrenişlerini çeper sözler bilen beýan etdiler. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, mirasymyzyň has içgin öwrenilmegi, ýaş nesillere ýetirilmegi, dowamat-dowam bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Ejeş GUWANJOWA

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com