ZENAN MERTEBESINIŇ ROWAÇLY MENZILLERI

Şu günler Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde «Arkadagly rowaç Watanyň buýsançly zenanlary» diýen at bilen aýdym-sazly, öwüt-ündew çäreleri geçirilýär. Öňňin Türkmenabat şäherindäki Zeliliniň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada h.em amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Başarnygyny baş zynaty hasaplaýan zenanlar dürli el işlerini ýerine ýetirmegiň, datly milli tagamlary taýýarlamagyň nusgasyny görkezdiler. On barmagy hünärli zenanlar biri-birinden başarjaňlygy bilen tapawutlandylar. Ik egrip, jorap örýän, eline iňňe alyp, owadan keşdeleri gaýaýan gyzlaryň nepis el işleri olaryň edep-ekramlylygy bilen utgaşyp, özboluşly sazlaşygy döretdi.

Welaýat medeniýet müdirliginiň we etraplaryň halk döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren folklor çykyşlarynda hem halkymyzyň gadymdan bäri dowam edip gelýän däp-dessurlary çeper beýan edildi. Edep bilen utgaşyp gidýän mähribanlygy, süýji sözlüligi özünde jemleýän zenanlaryň her biriniň sözlän sözi — güwälik, eden işi — nusgalyk.

Soňra Türkmenabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda, welaýatymyzyň Çärjew, Dänew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda hem zenanlar bilen duşuşyklar guraldy. Olarda gelin-gyzlaryň edep-terbiýesi, ýaşlaryň milli medeni, ruhy baýlyklarymyzyň gymmatyna bolan garaýyşlary barada giňişleýin gürrüň edildi. Gelin-gyzlaryň maşgaladaky we jemgyýetdäki orny, türkmen zenanlarynyň dünýä nusgalyk ajaýyp häsiýetleri baradaky söhbetler dabaralarda edilen çykyşlaryň esasy özenini düzdi.

Çärelerde çykyş eden zenanlar kämil nesli kemala getirmegiň, ilkinji nobatda, ene-atanyň borjudygyny nygtap geçdiler. Maşgala ojagynyň ody hasaplanylýan ene ýüreginiň mukaddesligi hakyndaky tolgundyryjy gürrüňler bolsa dabaralarda edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Maşgala gatnaşyklarynyň berk we kämil bolmagynda, edep-terbiýeli nes­li kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolan çäreler oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Mahym ROZYÝEWA

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com