Bäsleşigiň jemi jemlendi

15-nji maýda Aşgabat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Türkmen halysynyň Milli Muzeýinde «Haly türkmen halkynyň gadymy hem müdimi sungatydyr» diýen at bilen halyçy gelin-gyzlaryň ara­synda guralan bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu bäsleşik «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda uly dabara bilen belleniljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guraldy. Ata-babalarymyzdan miras galan gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyza hormat goýmakda, ojaklarymyzy bezeýän halylarymyzyň ajaýyp nagyşlaryny döretmekde öz ussatlyklaryny, şahsy başarnyklaryny açyp görkezmek, şeýle hem nesillerde halylarymyza bolan höwesi artdyrmak, türkmen halysynyň we haly önümleriniň mahabatyny wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşige Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän çeper halyçylyk kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar. Olar bäsleşigiň 3 şerti boýunça özara bäsleşdiler. «Syrlardan dokalan gözellik — gadymy nagyşlaryň syrlary» diýlip atlandyrylan birinji şert boýunça halyçy gelin-gyzlar öz ýaşaýan welaýatynyň gölüni aňladýan halysy bilen

sahna gelip, hala salnan milli nagyşlaryň gadymylygy we nagyşlara siňen syrly şekilleriň aýratynlyklaryny aňladýan manysy barada maglumatlary şygyr setirleriniň üsti bilen beýan etmek boýunça zehinlerini synadylar. 2-nji şert boýunça halyçylar hormatly Prezidentimiziň halyçylara sowgat berer «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda~ rowaýatlary sahnalaşdyrmak boýunça bäsleşdiler. Kesbi-kärim nesillere görelde» diýlip atlandyrylan 3-nji şert boýunça halyçy gelin-gyzlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özleriniň dokan halylaryny läleleriň hüwdüleriň, atalar sözleriniň, nakyllaryň, gazallaryň üsti bilen wasp etmek boýunça özara bäsleşdiler.

Çäräniň dowamynda Aşgabat şäherindäki mehaniki-tehnologiki orta okuw mekdebiniň aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary bäsleşigiň has hem şowhunly geçmegine ýardam berdi. Şonuň bilen birlikde türkmen halylarynyň dürli görnüşleriniň hem-de beýleki haly önümleriniň sergisi guraldy.

Gyzykly geçen bu bäsleşikde Baş baýraga Balkan welaýatynyň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň işgäri, 1-nji orna Маrу welaýatynyň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň işgäri 2-nji orna Lebap welaýatynyň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň işgäri, 3-nji orna Daşoguz welaýatyny" Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň işgäri mynasyp boldular. Ýeňijileri gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylagladylar.

Mähri ORAZMUHAMMEDOWA, ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com