HABARLAR

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda «Ajaýyp döwri peşgeş berdiň, Arkadag!» ady bilen yglan edilen bäsleşiginiň welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gelingyzlar gatnaşdylar.

Bäsleşikde gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler we şu günlerde alnyp barylýan işler barada gürrüň bermek, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylyny wasp etmek we aýdymlaryň, goşgularyň, gazallaryň üsti bilen beýan et­mek, milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň bir pursadyny sahnalaşdyrmak boýunça özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Netijede welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Şahnoza Baratowa birinji, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň hünärmeni Mähriban Jumabaýewa ikinji orunlara mynasyp boldular. Olar bäsleşigiň

jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

* * *

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com