«Döwlet guşy»-maşgalanyñ göwün hoşy

   Mukaddes Garaşsyzlygymyzyñ şanly 23 ýyllyk baýramyny giñden dabaralandyrmak, Berkarar döwletimiziñ bagtyýarlykdöwründe Diýarymyzyñ dünýä nusgalyk ösüşlerini şöhratlandyrmak, hormatly Prezidentimiziñ paýhas önümi boian «Döwlet guşy» romanyny nusga edinip ýaş nesli terbiýelemek, türkmeniñ milli däp-dessurlaryny, asylly gylyk-häsiýetlerini wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyñ Zenanlar birleşiginiñ Merkezi geñeşi hem-de Türkmenistanyñ Kärdeşler arkalaşyklarynyñ milli merkezi tarapyndan bagtyýarlyk döwründe eşretli durmuşda ýaşaýan bagtly maşgalalaryñ arasynda «Döwlet guşy»-görelde mekdebidir» atly bäsleşik yglan etdi.
Bäsleşigiñ welaýat tapgyry Mary şäheriniñ «Margiana» medeniýet köşgünde uly şowhuna beslendi. Ony welaýat zenanlar bölümi hem-de Türkmenistanyñ Kärdeşler arkalaşyklarynyñ welaýat birleşigi ýokary guramaçylykly geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyñ ýiti zehini bilen ýazylan, her bir maşgala üçin ylham çeşmesi bolan «Döwlet guşy» romanynyñ giñden öwrenilmeginiñ ösüp gelýän nesillerimize türkmeniñ milli gymmatlyklaryny buýsanç bilen ýetirmäge mümkinçilik döredýändigini aýan eden bäsleşige hormat-sylagly maşgalalaryñ birnäçesi gatnaşdy. Bäsleşik milli ruhly, watan-söýüji nesli terbiýelemekde, maşgala binýadyny berkitmekde, ata-enä sarpa goýmakda görelde mekdebine öwrülen «Döwlet guşy» romanynyñ many-mazmunyny, terbiýeçilik ähmiýetini ildeşlerimiziñ ara¬synda wagyz etmek maksadynda guraldy. Bäsleşikde göz öñünde tutulan şertlere görä ajaýyp sahna çykan agzybir döwletii maşgalalar buýsançly sözlerde Diýar waspyny ýetirdiler. Maşgalabaşy öz maşgalasy, zähmet we durmuş ýoly bilen tanyşdyryp, «Döwlet guşy» romanyndan bir parçany labyzly, kalbyña ornarýalyokap bermekde, romanda beýan edilýän wakalardan birpursady sahnalaşdyrmakda romanyñ halkymyza gowuşmagynyñ şanyna milli däp-dessurlarymyza laýyklykda Watan gullugyna ugradyş toýuny döwrebap we dabaraly toýlamakda bäsleşdiler.

Toý gutlaglarynda bu ylham çeşmesiniñ ösüp gelýän ýaş nesil üçin ruhy baýlyk hem ýol-ýörelgedigi, türkmen maşgalalary üçin gymmatly gollanma-şamçyragdygy buýsanç bilen beýan edildi. Şeýle-de toýuñ dowamynda bäsleşige gatnaşyjylar ukybyna laýyklykda goşgy, aýdym, dessandyr gazalyñ üsti bilen bagtyýar döwre guwanç oýardylar, hormatly Prezidentimiziñ taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan ösüş-özgerişlere laýyklykda her bir maşgalanyñ durmu-şynda bolup geçýän taryhy pursatlary şu günüñ mysalynda çeper beýan etdiler. Milli lybasly bäsdeş maş¬galalaryñ arasyndan ýeñijini saýlamak eminler toparyna ýeñil düşmedi. Bäsleşigiñ welaýat tapgyrynda baýrakly orny eýelän maşgalalar döwlet bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeñiji bolan maşgalalara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiñ dowamynda Gahryman Arkadagymyzyñ ýiti pähim-paýhasyndan dörän gymmatly eserlerinden, çuñ manyly kitaplaryndan, döwre¬bap ýazyjy-şahyrlaryñ eserle¬rinden guralan sergiler bu ýere gelenlerde ýakymly täsirler galdyrdy.
Maru-şahu jahan
02.10.2014ýyl

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com