Alkyş Size,Arkadag!

 

    Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýyly mynasybetli Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen aýdym-sazly dabaraly çäre «Alkyş Size, Arkadag!» diýlip atlandyryldy. Mukaddes ýaşyl Tugumyzy belentden parladýan toý lybasly bagtyýar raýatlarymyz tarapyndan gurşalyp, baýramçylyk keşbine beslenen meýdança «Arkadaga şöhrat!» diýen buýsançly ýazgy aýratyn bezeg berdi. Welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginin welaýat bölüminiň we şäher geňeşiniň, welaýat medeniýet we Baş bilim müdirlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen geçirilen dabaraly çärä il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, bagtyýar çagalar, medeniýet we sungat işgärleri, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri, nebitçiler, gurluşykçylar, türgenler, okuwçy hem-de talyp ýaşlar agzybirlik bilen gatnaşdylar. Olar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzy ähli ugurlarda okgunly ösýän, özüniň röwşen geljegine tarap ynamly öňe barýan döwlete öwren hormatly Prezidentimize bolan çäksiz hoşallyklaryny şahyrana sözler bilen nobatma-nobat beýan etdiler. Buýsançly çykyşlaryň çuňňur mazmu- nynda beýan edilişi ýaly, Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde deňi-taýy bolmadyk giň gerimli özgertmeler, ägirt uly taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.Ylmy esaslandyrmalara, anyk mümkinçiliklere hem-de kämil durmuş ýörelgelerimize, baý medeni we taryhy gymmatlyklarymyza berk daýanýan şeýle özgertmeleriň, döwletli tutumlaryň netijesinde, eziz Watanymyzyň ähli sebitlerinde, obadyr şäherçelerinde, etrap merkezleridir şäherlerinde döwrebäp nusgaly durmuş düzümleri döredilýär.    Munuň özi Gahryman Prezidentimiziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen ykbal özgerdiji taglymatynyň rowana ak ýollarda üstünliklere beslenýändiginiň göwün göteriji subutnamalarydyr. Bu bolsa, öz nobatynda, mähriban Watanymyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüş babatynda dünýäniň ösen döw- letleri bilen aýakdaş gitmegini, zähmetsöýer halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyny, jemgyýetimiziň kämil demokratik, gymmatly ynsanperwer ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenmegini, ýurdumyzyň halkara abraý-mertebesiniň täze belentliklere göterilmegini, sazlaşykly ösýän ýurt hökmündäki mynasyp ornuny has-da pugtalandyrmagyny üpjün edýär.

     Dabaraly çäräniň möhüm bölegine öwrülen buýsançly çykyşlarda ata Watanymyzy şunuň ýaly köptaraply ösüşlere ýaran eden, öz halkyna, eziz Diýarymyza hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezýän Arkadag Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözler aýdyldy.        Göwünlerden joşup çykýan şeýle alkyşly sözler agzybir halkymyzyň berkarar Diýarymyzy rowaçlyklaryň ýolundan ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyz bilen bir jan, bir tendigini ýene bir ýola aýdyň görkezdi. «Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag!» atly ýürek joşduryjy aýdymyň dabara gatnaşyjylar tarapyndan köpçülikleýin ýerine ýetirilmegi bu hakykatyň özboluşly tassyknamasyna öwrüldi.

Nurmämmet HYDYROW.

 “Balkan”

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com