Küşt depip,gazal çekildi hazaryň kenarynda

     Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýyly mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Küşt depip, gazal çekeliň rowaçlanýan Diýarda!» atly dabaraly çäre geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Milli tans döredijiligini küştdepdisiz göz öňüne getirmek mümkin däl.«Küştdepdi» tansy türkmen sungatynyň özboluşly çeper keşbi-idealydyr. Sebäbi bu kämil sungat eserinde milli ýörelge- lerimiziň gadymy parçalary saklanyp galypdyr, şol bir wagtda bu tansda döwrebap ruhy öwüşginler öz mynasyp ornuny tapýar.Halkyň ruhy dili, pelsepesi, ýaşaýşa synmaz söýgüsi beýan edilýär» diýen sözlerinden ugur alnyp geçirilen dabaraly çärä welaýatymyzyň sungat ussatlary, gazalçylary gatnaşdylar.

     Aslyny asyrlardan alyp gaýdýan küştdepdiniň zikir çekmek, gazal aýtmak ýaly görnüşleri wagtyň geçmegi bilen kämilleşdirilip, döwrebap öwüşgin çaýylyp, gaýtalanmajak sungat derejesine ýetirilipdir.Gazallarda halkymyzyň milli medeni taryhy açylyp görkezilýär.Gojaman Hazar deňziniň kenarynda geçirilen dabaraly çärede edilen çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.Soňra bu ýere ýygnanan gazalçylar küşt depip, gazal çekdiler.Küştdepdi ilki akgynly hereketler bilen başlanyp, soňra töwerekdäkileriň sazlaşykly çapak çalmaklary, ýerine ýetirilýän küştdepdidir gazallara goşulyşmaklary netijesinde hereket has-da joşgun bilen dowam etdi.Bu ýere küşt depip,gazal çekmäge gelen toparlar küştdepdiniň ir döwürde awçylaryň tutan balyklarynyň, guşlarynyň töwereginde tegelenip aýlanmak bilen, şowlulyklaryň arzuw edilişini beýan etdiler.Iki topara bölünip garşylykly aýdylýan gazallary-da şowhun bilen ýerine ýetirdiler.

    Küşt depip, gazal çeken toparlar dürli gazallaryň üsti bilen ata Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan mähriban Arkadagymyzy, Berkarardöwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýylyny, gujagy tylla balykly, depesi ak çarlakly Hazar deňzini, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, il agzybirligini, ýurt parahatçylygyny, dost-doganlygy wasp etdiler.

 Nursoltan Depbiýewa

“Balkan” 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com