Welaýat zenanlar bölüminiň giňişleýin maslahaty MÄKÄM MAŞGALA — MÄKÄM BAŞ GALA

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylymyz mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan Mary şäher iç keselleri hassahanasynyň ýygnaklar zalynda «Arkadagly rowaçlanýan Watanyň bagtyýar zenanlary» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher zenanlar geňeşleriniň başlyklary, geňeş agzalary, arçynlardyr dürli pudaklarda zähmet çekýän ýolbaşçy zenanlar, telekeçi zenanlar, welaýat, etrap, şäher raýat ýagdaýlarynyň nama ýazgylary bölümleriniň müdirleri, mährem enelerdir jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Giňişleýin maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Mährijemal Mämmedowa alyp barmak bilen gün tertibindäki meseleleri mälim etdi. Maslahat köpgyraňly meseleleri öz içine alyp, munda maşgala gymmatlygy, ony goramak, maşgalada, perzent terbiýesinde enäniň orny, ýagşy görüm-göreldesiniň ähmiýeti, «Ýagşy ene — ýagşy gyza görelde» diýlenine uýup, gyz maşgalanyň edep-terbiýesine ünsli çemeleşmek, gender deňligi, nika bozulmalaryna eltýän sebäpleri öwrenip, bu ýaramaz ýagdaýyň öňüni almak, ýaş çatynjalar bilen maşgala mukaddesligi hakynda düşündiriş işlerini guramak dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Esasan-da, öýde oturan zenanlar bilen geçirilýän işleri güýçlendirmäge üns çekildi. Şeýle mazmunda Sakarçäge etrabyndan halypa mugallym zenan Zyba Myradowa, TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy Jennet Agaýewa, mugaliym hem şahyr Gunça Amansähedowa, Sakarçäge etrabynyň RÝNÝ bölüminiň müdiri Ogultäç Jumadurdyýewa, welaýat zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Gözel Japarowa çykyş etdiler. Durmuşy mysallara salgylanyp edilen gürrüňler täsirli boldy.

Maslahaty jemlemek bilen welaýat zenanlar bölüminiň başlygy welaýatyň zenanlaryny mähriban Arkadagymyzyň türkmen zenanlaryna goýýan belent sarpasyna jogap edip, ýurdumyzda ebedi abadançylygyň, gülläp ösüşleriň hatyrasyna alnyp barylýan rowaç işlere zähmet goşandyny goşmaga çagyrdy.

Maslahat oňa gatnaşanlaryň Gahryman Arkadagymyza alkyşnamasy bilen tamamlandy.

Aýjan ABDYÝEWA. «Maruşahu jahan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com