SENIŇ ELIN HÜNARI

«Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Seniň eliň hünäri gezsin iIden-illere» ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara baýry halyçylar, gelin-gyzlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Özüniň owadanlygy, nepisligi bilen bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolan türkmeniň halyçylyk sungaty hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan özgertmeleriniň netijesinde barha kämilleşýär. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň gudratyndan kemala gelýän ajaýyp gölli halylarymyzyň dünýä halklarynyň arasynda hem hyrydary ýetik. Halyçylaryň zehininden döreýän nepis gölli halylar—öýlerimiziň törüniň ýaraşygy, toý-baýramlarymyzyň bezegi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli halyçylyk sungatynyň has-da ösmegine, kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Dabarada şular dogrusynda buýsançly sözler çykyş edenleriň her biriniň dilinde belentden ýaňlandy.

Golaýda «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň ugurdaş kärhanalarynyň arasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde guran «Haly türkmen halkynyň gadymy hem müdimi sungatydyr» atly bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş edip, baş baýraga mynasyp bolan Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň toparynyň Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly eserleri esasynda taýýarlan sahna oýnuny ýerine ýetirmegi dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Dabarada tapawutlanyp zähmet çekýän halyçy gelin-gyzlara sowgatlar gowşurylyp, aýdym-sazyň şowhunly owazy oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Milli halyçylyk sungatynyň has-da ösmegi üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan alkyşly sözler dabarada edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Arazgeldi GURBANÝAZOW.

«Balkan»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com